TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

HARMANYŇYZA BEREKET, PAGTAÇYLAR!

Tutuş ýurdumyz boýunça 545 müň gektar meýdana ekilen gowaçanyň bol hasylyny ýetişdiren pagtaçylarymyz häzirki döwürde ony isripsiz   ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Şu  dabaraly  günlerde zähmetsöýer pagtaçylarymyza uly buýsanç bilen “Harmanyňyza bereket!” diýýäris . «Ak altyna» baý türkmen topragynyň eçilen hasylynyň ýeke übtügini-de yrýa etmeýän daýhanlarymyzyň çekýän ýadawsyz zähmetine milli Liderimiz mynasyp baha berýär. 

Ýurdumyzda bu babatda öňde baryjy hojalyklaryň biri saýylýan Gökdepe etrabynyň, şeýle-de Hojambaz, Bäherden etraplarynyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilendigi hakynda hasabat bermekleri biz üçin örän buýsançly wakadyr! Gökdepeli  pagtaçylaryň bu zähmet ýeňşi hemmeleri diýseň begendirdi. Biz hem Watan harmanyna  senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» müňlerçe tonnasyny tabşyran edermen pagtaçylarymyzy bu uly zähmet ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 22-nji oktýabrynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli hem-de bellenilen möhletde geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtapdy. Gökdepeli, hojambazly,  bäherdenli... daýhanlaryň zähmet ýeňişleri bolsa, milli Liderimiziň pagtaçylarymyza bildiren şol talaplaryna özboluşly jogap bolup ýaňlandy.

Ýurdumyzyň ähli pagtaçylyk hojalyklarynda milli Liderimiziň satyn alyp beren kämil pagta ýygýan tehnikalary gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýär. Pagta ýygymy möwsüminde ulanylýan kämil tehnikalar, şol sanda oba hojalykçylaryň ygtyýaryna gelip gowşan täze pagta ýygyjy kombaýnlar we beýleki tehnikalar ýokary öndürijilikli işledilýär. Bu tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmatlar edilýär. Bu ugurda zähmet çekýän mehanizatorlaryň, sürüjileriň, ussat ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de olaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy  bolsa, daýhanlaryň ýygyma bolan höwesini  has-da artdyrdy.

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýetişdirilen pagtanyň bereketli hasylyny doly we ýitgisiz ýygnap almak üçin ýurdumyzyň pagtaçylary ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Pagtaçylarymyz ýetişdirilen bu bereketli hasyly Watanymyzyň «ak altyny» diýip mynasyp atlandyrýarlar. Pagta ýygym möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin gowaçaly meýdanlarda ýetişdirilen pagtanyň hasylyny ýygnamagyň depginini barha güýçlendirýärler.

Harmanyňyza bereket, edermen türkmen pagtaçylary!

 

Merkezi saýlaw topary.