TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTAN WE SANLY YKDYSADYÝET

Häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde, esasan-da ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Aslynda, sanly ykdysadyýet diýmek nämäni aňladýar? Munuň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejelerde kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň baş maksatlarynyň biridir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy, ýagny internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak we elektron söwda — hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi ýaly ugurlaryň berjaý edilmegi zerurdyr.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Karary hem doly güwä geçýär. Bu Konsepsiýanyň esaslary möhüm kanunlardan, maksatnamalardan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan gözbaş alýanlygy bilen tapawutlanýar. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakyndaky», «Aragatnaşyk hakyndaky», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky», «Maglumat we ony goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle-de «Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» pugta esaslanýar.

Biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň ornuna uly ähmiýet berilýär. Şunlukda, döwletiň orny iki  maksada gönükdirilendir. Has takygy, döwletiň orny  täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegini, önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny hem-de senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Şu günki günde dünýäniň halklarynyň aglaba bölegi internet ulgamyndan işjeň peýdalanýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň geljekki birnäçe  ýylyň dowamynda işjeň ösdürilmegini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýet özüniň dünýäde innowasiýalara, bäsleşige ukyplylyga we  ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýete  geçilmegi önümçilikde  hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazarlarda bolup geçýän özgertmelere basym, çalt uýgunlaşmaga, ýokary çeýeligi üpjün etmäge oňyn ýardam edýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze-täze ugurlarynyň açylmagyna   giň mümkinçilikler döredýär.

Bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi geljekde özüniň örän oňyn netijelerini berer. Mysal üçin, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň biziň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagyna we başga-da ençeme goşmaça ösüşleri üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döreder. Bulardan başga-da, bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze sanly görnüşleriniň ösdürilmegine, sanly ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň täze görnüşleriniň emele gelmegine, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna we ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň kämilleşdirilmegine öz oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň kabul edilen bu Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hem-de tapgyrlarynyň durmuşa geçirilip başlanylmagy bilen bagly zerur işler üstünlikli çözülýär.