TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

ROWAÇLYKLAR—GÜLLÄP ÖSÜŞLERIŇ BUŞLUKÇYSY

Bosagadan ätlän her bir täze ýyly mynasyp  atlandyrmak hemişelik  Bitarap Türkmenistanda indi özboluşly däbe öwrülip  gitdi. 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi-de  ýöne ýere däldir. Munuň özi 2019-njy ýylyň milli Liderimiziň ägirt uly tutumlarynyň, başlangyçlarynyň has-da rowaçlanyp, tutuş  Diýarymyzyň ajaýyp gülläp ösüşlere gowşup, Türkmenistanyň her bir raýatynyň has bagtyýar günlerde ýaşajakdygyny alamatlandyrýan ýyllaryň biri boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň il-gün, ata Watan üçin edýän beýik yhlaslarynyň pajarlap, pür-pudak ýaýradyp  ösjekdiginiň buşlukçysydyr.

Ýaňy-ýakynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şonda  ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi.

Ýanwar aýynyň  başynda dünýä inen bu täsin  taýçanaga milli Liderimiz “Rowaç” diýip, ajaýyp at dakdy. Türkmen atlarynyň şöhratly nesillerinden bolan  bu taýçanaga milli Liderimiz tarapyndan  şeýle simwoliki adyň dakylmagy ýöne ýere däldir. Munuň özi 2019-njy ýylda ýurdumyzda giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýakymly alamatydyr. Munuň özi 2019-njy ýylda-da bize uly-uly zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp üstünlikleriň garaşýandygyny aňladýar!

Milli Liderimiz öz çykyşlarynda  Watanymyzyň durmuşynda döredijilik, rowaçlyk ýoly bilen öňe okgunly hereket etmek tapgyrynyň durýandygyny, geljek üçin ruhubelent çaklamalaryň garaşýandygyny aýratyn  nygtaýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de özüniň täze şahyrana setirlerini täze ýylyň uly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdigini alamatlandyrýan Rowaç atly taýçanaga bagyşlady. Milli Liderimiz öz şygrynda bellenilen belent maksatlara ýetiljekdigine, eziz halkymyzyň, Watanymyzyň bagtyýar geljegi baradaky nurana arzuw-umytlaryň hasyl boljakdygyna berk ynamyny beýan edip, ajaýyp, gujurly hem-de ýüwrük bedewiň keşbini şahyrana setirler bilen sazlaşdyrdy.

Bu gün dünýäniň 146 döwleti bilen jebis diplomatik gatnaşyklary sazlaşykly  ýola goýan, halkara guramalaryň 47-siniň agzasy bolan  hemişelik Bitarap Türkmenistan, milli Liderimiziň  taýsyz tagallalary  netijesinde, dünýäniň ösen senagatly döwletleriniň hataryna  goşuldy.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan  edilen bu ýyl ýetilen sepgitler bilen çäklenmeli däldigini, ösmelidigini we diňe öňe gitmelidigini, Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň ýolunda täze mümkinçilikleri we giňişlikleri açmalydygyny aňladýan  ýyldyr. Dünýä siwilizasiýasyna deňi-taýy bolmadyk goşantlary  goşan türkmen halky  bu ýylda-da  gülläp ösüşler eýýamynyň şuglaly belentliklerine tarap  bedew bady bilen ynamly gadam  urýar.