TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE MILLI DEMOKRATIÝA

Häzirki wagtda ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şu ýylyň 31-nji martynda geçiriljek bu saýlawlar ýurdumyzyň saýlaw okruglarynyň 125-sinde geçiriler. Has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde geçiriler.

Saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylaryň 357-siniň bellenilmegi bolsa, bu saýlawlaryň demokratik ýagdaýda, ýagny tutuş türkmen  jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda geçiriljekdiginiň özboluşly  nyşanydyr.

Dalaşgärleri hödürlemäge Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle-de raýatlaryň toparlarynyň  işjeň gatnaşmaklary, ýagny  syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-siniň, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 101-siniň hödürlenilmegi we bellige alynmagy bolsa, biziň ýurdumyzda köppartiýalylyk şertlerinde geçirilýän saýlawlarda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň  bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygyndan habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 11, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 36, Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgäriň, saýlawlaryň ählisi boýunça jemi 281 dalaşgäriň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bellige alynmagy bolsa, saýlawlaryň bäsleşikli ýagdaýlarda geçirilýändiginiň güwänamasydyr.

2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar Zeminiň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň biri bolan Bitarap Türkmenistanyň syýasy durmuşynda ählumumy, şeýle-de milli demokratik ýörelgeleriň mäkäm kök urandygynyň aýdyň subutnamasy bolar.