TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

9-NJY MAÝ — ÝEŇIŞ GÜNI

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ikinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň gahrymançylyklary ýurdumyza abraý, dereje, mertebe getiren mertliklerden  nyşandyr. Hut  şonuň üçin-de, bu uruşda  görkezilen gahrymançylyk, edermenlik milletiň  hakydasynda baky orun tutdy. Ýer ýüzüniň halklaryny “faşizm” atly mergiden  goramak ugrundaky  söweşlerde janyny gurban eden ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň hormatyny belent tutmak, diri  gezip ýören uruş weteranlaryny sarpalamak  babatda biziň milli Liderimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär. Munuň  şeýledigine  bolsa, ýurtda ýaýbaňlandyrylýan derejeli işleriň  toplumy  hem  doly şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň gözel  künjekleriniň  birinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň bina edilmegi, ol ýerde “baky oduň”  alawlap  durmagy, ýurdumyzda  uruş weteranlary hakynda  döwlet derejesinde  yzygiderli alada edilmegi olaryň pensiýalarynyň dowamly  köpeldilmegi, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy... biziň  ýurdumyzda Watan gerçeklerine berilýän üns-aladanyň  döwlet derejesindediginden habar  berýär.

 Hormatly Prezidentimiziň üçünji müňýyllykda durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleri netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Ata Watanymyzy dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda milli Liderimiziň edýän taýsyz tagallalary diňe türkmenistanlylar, sebitiň halklary tarapyndan däl-de, eýsem Ýer ýüzünde öz ykrar-beýanyny tapýar. Türkmenistanyň täze ösüşlere, täze özgertmelere tarap barýan döwründe uruş  weteranlary  hakyndaky aladanyň  birjik-de ünsden düşürilmeýändigi bizi  diýseň  begendirýär.

Biz hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli watandaşlarymyzy tüýs ýüregimizden mähirli gutlaýarys! Olara  berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň goýnunda sapaly  durmuş arzuw edýäris!