TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

3-NJI IÝUN - BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Re­zol­ýu­si­ýa­ ka­bul edilip­di. Munuň özi sport we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek, bu ul­gam­da döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça BitarapTürk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän öň­de­ba­ry­jy or­nu­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň beren ýo­ka­ry ba­hasydyr.

BMG-niň  Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýan we ony üstünlikli dowam etdirýän  Türkmenistan soňky  ýyllarda  halkara derejeli sport ýaryşlarynyň  geçirilýän  merkezleriniň  birine  öwrüldi.

Biziň  ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly üns berilýär.  Sonuň netijesinde, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li ýa­ryş­la­rdyr çä­re­le­re ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda  welosiped sürmegiň  umumymilli häsiýete  eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Munuň şeýledigine  ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherlerinde dürli ýaşdaky adamlaryň welosiped ulagyny uly höwes bilen sürýändikleri-de güwä geçýär.

Milli Liderimiziň şahsy göreldesine pugta eýerýän ýaşlarymyz soňky ýyllarda sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen meşhur görnüşleriniň biri hasaplanylýan  welosiped sportuna uly  höwes  bildirýärler.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bolan 3-nji iýu­n biziň ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanda bu ugurdan dürli ýaryşlary geçirmek, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak indi özboluşly däbe öwrüldi.