TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DÜNÝÄ-ÄLEME AÝAN HOWA MENZILI

Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň sahypalarynyň mazmuny has-da baýlaşdy. 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda oňa Türkmenabadyň halkara howa menziliniň ýyldyz görnüşindäki binasynyň ady girizildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berlen we milli Liderimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde açyp beren bu binasynyň ady dünýä-äleme aýan boldy.

Bu barada Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşy-Gemijiniň binanyň açylyş dabarasyna gatnaşanda sözlän sözünde hem aýratyn nygtaldy. Onuň Türkmenabadyň halkara howa menziliniň binasynyň açylmagynyň diňe bir halkara raýat awiasiýasy üçin däl-de, eýsem Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitaby üçin hem üýtgeşik waka bolandygy, şäheriň täze howa menziliniň binagärlik gurluşygynyň ajaýyplygy, ýokary tehnologiýa eýedigi, ýolagçy terminalynyň belentden görünýän keşbiniň aýratyn ünse mynasypdygy barada aýdan sözleri özboluşly simwoliki mana eýedir.

Şeýle hem Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekiliniň: «Binagärlik taýdan şeýle ajaýyp çözgüt howa menziliniň gaýtalanmajak aýratynlygydyr. Şeýle binagärlik aýratynlygy dünýäde ýokdur. Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmek üçin şekillendirilýän ýyldyzyň meýdany on bir müň kwadrat metrden az bolmaly däldir. Bu ýerde gurlan halkara howa menziliniň ýyldyz şekilindäki binasynyň tutýan meýdany bolsa, on iki müň kwadrat metre barabardyr. Şeýlelik-de, biz ony Ginnesiň Rekordlar kitabynda hormatly orun almaga mynasyp hasap edýäris» diýip aýratyn nygtamagy bolsa köňüllere buýsanç paýlady.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolan bu täsin bina türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Alty ýüz gektar meýdany tutup oturan täze halkara howa menziliniň we onuň desgalarynyň gurluşygynyň «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylmagy türkmen telekeçileriniň örän kyn, jogapkärli, çylşyrymly işleri gerdenine almaga ukyply şereketlere öwrülendigini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen gurluşykçylarynyň hünär, guramaçylyk başarnyklary has-da kämilleşip, ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejelere göterildi. Munuň şeýledigine Türkmenabadyň halkara howa menziliniň milli binagärlik sungatynyň ähli öwüşginleri siňdirilen, otuz ýedi müň inedördül metre barabar bolan ýolagçy terminalynyň binasynyň Oguz hanyň ýyldyzynyň keşbinde lowurdamagy, hut şonyň üçin hem onuň Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilmegi doly şaýatlyk edýär.

Bu halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Milli raýat awiasiýasynyň halkara hem-de ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulmagyna, ýolagçy we ýük gatnawynyň möçberleriniň artdyrylmagyna we olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Bu halkara howa menzili gatnawlaryň howpsuz, ygtybarly we netijeli amala aşyrylmagyna doly mümkinçilik berýär.

 

Merkezi saýlaw topary.