TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugyndan dalaşgär

Kasymguly  Gulmyradowiç  Babaýew

TERJIMEHALY

Kasymguly Gulmyradowiç Babaýew 1966-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda  doguldy. Milleti türkmen. 1973-1983-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň  l-nji orta mekdebinde okady. 1983-1989-njy ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady. 1984-1986-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 1989-1991-nji ýyllarda SSSR-iň Zähmet we durmuş üpjünçiligi baradaky döwlet komitetiniň Zähmet ylmy-barlag institutynyň Türkmenistandaky bölüminde ykdysatçy bolup işledi.
1991-1993-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dolandyryş we halkara ykdysady aragatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy bolup işledi. 1993-1996-njy ýyllarda şol institutyň Dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy, şol bir wagtda, 1991-nji ýylyň sentýabr aýynda institutyň Kommersiýa-tehnologiýa fakultetiniň dekanynyň orunbasary wezipesine bellenildi we 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda Söwda we halkara ykdysady aragatnaşyklary fakultetiniň dekanynyň orunbasary bolup işledi. 1993-1995-nji ýyllarda aspiranturada okady.
1996-2002-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy, 2002-2007-nji ýyllarda şol uniwersitetiň Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy bolup işledi.
Şol bir wagtda, 2000-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap uniwersitetiň Hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekanynyň orunbasary wezipesine bellendi we şol ýylyň sentýabr aýyndan başlap, 2007-nji ýylyň fewral aýyna çenli Hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany wezipesinde işledi. 2007-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2008-nji ýylyň iýun aýyndan şol bir wagtda Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň başlygynyň birinji orunbasary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary bolup işledi.
2013-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň III, IV, V çagyrylyşlarynyň deputaty.
2010-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 
26 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy. Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.