TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

HUKUK KEPILLIGIMIZ

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň —  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we raýatlarymyzyň köňül hem-de ruhy buýsanjy bolan Döwlet baýdagymyzyň  baýramy mynasybetli biz, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOW bilen söhbetdeş bolduk.

 

— Amangeldi Gandymowiç, şu dabaraly günlerde okyjylarymyza ýurdumyzyň durmuşyna ornan we hereket edýän demokratik ýörelgeleriň taryhy kökleri barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris?

— Merdana ata-babalarymyzyň, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl bolup, türkmen halky özüniň berkarar döwletini gurdy.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özüniň syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoly saýlap alandygyny buýsanç bilen nygtamak bolar.

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşyp gidýän baý hem şöhratly taryhy bar. Türkmenler bu gün adalata, milli demokratik gymmatlyklara aýratyn gadyr goýýan halk hökmünde tanalýar.

Oguz han döwründen gözbaş alýan şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna ser salanyňda, ata-babalarymyzyň hem demokrat ýörelgelere yzygiderli eýerendiklerini görmek bolýar. Döwleti akyl-paýhas bilen dolandyrmagyň häzirkizaman kadalarynyň-da ata-babalarymyzyň şol kämil tejribeleriniň sakasyna, ýol-ýörelgelerine esaslanýandygyna göz ýetirýärsiň.

Indi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, konstitusion kadalaryň demokratik esaslaryny döwrebaplaşdyrmaga, raýat hukugynyň konstitusion ösüşini kämilleşdirmäge gönükdirilen çärelere amal edilişi barada hem aýratyn durup geçäýsek!?

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň – Konstitusiýasynyň hukuk kepillikleriniň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalarynyň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň  dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.

Elbetde, bu konstitusion hukuk kepillikleri halkyň ähli gatlagynyň wekilleriniň öz kanunçylyk hukuklaryndan peýdalanyp bilmekleri üçin döredilen oňyn şertlerdir.

Şol şertleri döwletiň ösüşi bilen kybapdaş hörpde yzygiderli kämilleşdirmek babatynda düýpli we netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini hem aýratyn bellemek bolar.

Has takygy, Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap, ýagny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny — Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Asyryň täzelenmegi bilen we Berkararlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ösüşleriň hukuk binýadyny döwür bilen aýakdaş derejede berkitmek maksady bilen, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirýän duşuşyklarynda kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegini olaryň öňünde esasy wezipe edip goýýar.

Mähriban Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty esasynda halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe — ösüş we innowasiýalar eýýamynda konstitusion kadalaryň demokratik esaslaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, raýat hukugynyň konstitusion ösüşini kämilleşdirmek ýörelgesinden ugur alnyp bolsa, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.

Eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän şol demokratik ýörelgeleriň netijesinde, türkmen jemgyýeti hil taýdan özgerdi, ösdi. Onda emele gelen sazlaşyk bolsa jemgyýetçilik aňynyň has-da kämilleşmegine, şonuň bilen birlikde hem demokratik ösüşiň esasy bolan syýasy köpdürlüligiň – köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuň hormat goýulmagyna getirdi.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün häzirki zaman jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerini çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny emele getirmäge, syýasy durmuşymyzyň ösüşiniň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.

Konstitusiýamyzyň saýlawlar bilen bagly düzgünleriniň berjaý edilişi barada hem aýdyp geçäýseňiz?

— Esasy Kanunymyzyň V bölüminiň Saýlaw ulgamy, sala salşyk diýlip atlandyrylmagy we onda saýlawlary, sala salşyklary geçirmegiň umumy düzgünleriniň beýan edilmegi saýlawlaryň örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolup, jemgyýetçilik durmuşynda raýatlaryň öz erk-isleglerini – saýlamak we saýlanmak hukuklaryny erkin  amala aşyrmagy bilen baglylykda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň hem esasy çeşmesidir.

Şeýle-de raýatlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklary olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden gelip çykýan iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Döwletimiziň syýasy ulgamy hem kämilleşmegini dowam edýär. Siziň bilşiňiz ýaly, 25-nji martda ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem gatnaşmagynda häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlar deňhukuklylyk esasynda, erkin we açyk ýagdaýda, milli kanunçylygyň talaplary berjaý edilip geçirildi. Halkara synçylary saýlawlaryň guralyşyna ýokary baha berdiler. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär» diýip, aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiziň aýdan bu parasatly jümleleri hakykatdan hem saýlawlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedigini we eziz Diýarymyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyny äşgär edýär.

Bellenilip geçilenleriň hemmesi Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Watanymyzyň at-abraýy bolsa halkara derejesinde barha belende göterilýär.

Merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň  seleňläp durmagy we ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda pasyrdap durmagy, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň döwlet derejesinde toý-dabaralar bilen bellenilip geçilmegi halkymyzyň Arkadag Prezidentimiziň daşyna jebisleşendiginiň, Türkmenistanda demokratiýanyň ösýändiginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň, hukuk binýadynyň berkdiginiň aýdyň mysaly hökmünde kalbyňy joşdurýar.

--Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda bolup geçýän beýik ösüşleriň amala aşyrylmagyna, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň has-da demokratiýalaşmagyna, Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukuklarynyň ösüşiniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ýakyndan ýardam berip, Türkmenistanyň agzybir, merdana, zähmetsöýer halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljegiň belentliklerine alyp barýan milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Söhbetdeş bolan A.Akmyradow.