TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMY: DÜNÝÄ TEJRIBESI

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamynyň işi we olaryň tejribesi yzygiderli öwrenilýär. Bu ulgamyň işine degişli kitaplardyr resminamalar türkmen diline terjime edilýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOW Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan 2011-nji ýylda Moskwada neşir edilen resminamalaryň we materiallaryň ýygyndysyny özünde jemleýän “Saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň halkara ýörelgeleri” atly kitapdan käbir parçalary türkmen diline terjime etdi. W.Ýe.Çurowyň umumy redaksiýasy bilen neşire taýýarlanylan bu kitapda beýan edilýän dünýäde giňden ykrar edilen halkara ýörelgeleridir tejribeleri barada gürrüň bermegini sorap biz, A.GANDYMOWA ençeme sowal bilen ýüz tutduk:

       

– Amangeldi Gandymowiç, siz bu kitaby türkmen diline terjime etmek bilen, ýurdumyzyň saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň dünýä tejribesi bilen has içgin we çuň tanyşmaklaryna özboluşly ýardam etdiňiz...

–   Hawa, häzirki zaman ösen türkmen jemgyýeti saýlaw ulgamy babatda halkara kadalary bilen aýrylmaz baglydyr. Hut şonuň üçin hem Merkezi saýlaw toparynda bu babatda dünýä bilen deň gadam urulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şol sebäpli-de, “Saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň halkara ýörelgeleri” atly kitaby türkmen diline terjime etmegi müwessa bildik.

Aslynda, saýlawlar döwletiň syýasy durmuşynda esasy orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň hem esasy çeşmesidir. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda bolsa, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleri üpjün edilýär.

Häzirki zaman dünýäsiniň gurluşynyň esasy aýratynlygy özünde  umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerini we kadalaryny jemlemek bilen, her bir döwletiň öz milli kanunçylygyna laýyklykda, raýatlaryň döwleti dolandyrmak hem-de saýlawlara gatnaşmak arkaly öz hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede berjaý etmegine gönükdirilen gatnaşyklary düzgünleşdirýän ýerli kadalary hem öz içine alýar.

– Amangeldi Gandymowiç, siziň terjime eden bu kitabyňyzda abraýly halkara guramalary tarapyndan dünýädäki saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin gürrüň edilýär. Bize şolar barada hem jikme-jik gürrüň beräýseňiz?

Elbetde, bu barada dünýäde alnyp barylýan işler hakynda hökman gürrüň bermek zerurdyr.

Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Pariž şäherinde kabul edilen Adam hukugynyň ählumumy jarnamasy bilen raýatlaryň syýasy hukuklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Jarnamanyň      21-nji maddasynda adam hukuklarynyň saýlawlar bilen baglanyşykly şu aşakdaky düzgünleri bellenilýär.

– Her bir adamyň öz hökümetini dolandyrmaga gönüden-göni ýa bolmasa erkin seçilen wekilleriň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bar.

– Her bir adamyň öz ýurdunda döwlet gullugynyň elýeter bolmagyna hukugy bar.

– Halkyň erk-islegi hökümetiň häkimiýetiniň esasy bolmaly, şol erk-isleg döwürleýin we galplaşdyrylmadyk saýlawlarda öz beýanyny tapmaly, olar ählumumy we saýlaw hukugynyň bolmagynda, gizlin ses bermek arkaly ýa-da bolmasa, ses bermegiň azatlygyny üpjün edýän beýleki görnüşler arkaly geçirilmeli.

Döwletler we sebitleýin halkara guramalary tarapyndan ýokarda bellenilip geçilen saýlaw hukugynyň we erkinliginiň düzgünleşdiriji kadalarynyň çäklerinde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň ösüşi we pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär. Halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan göwrümi boýunça ägirt uly milli we halkara kadalarynyň toplumy kabul edildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) Ýewropany, Merkezi Aziýany, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Kanadany,  jemi 56 döwleti öz içine almak bilen, ÝHHG-ä gatnaşyjy döwletleriň saýlawlar bilen baglanyşykly esasy borçnamalaryny 1990-njy ýylyň 29-njy iýunynda Kopengagen şäherinde kabul edilen Kopengagen maslahatynyň resminamasy bilen kesgitledi. Mundan başga-da, Kopengagen maslahatynyň resminamasy bilen bir hatarda, ÝHHG-niň Ýokary komissarlygynyň, ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hem adam hukuklary barada kabul eden kadalary bardyr.

Kopengagen maslahatynyň resminamasynyň esasy özeni döwletiň halkyň erk-islegi esasynda dolandyrylmagyndan hem-de saýlawlary guramagyň we geçirmegiň demokratik ýörelgelerinden ybaratdyr.

Şeýle-de, şol resminama esasynda, saýlaw geçirilýän döwletlerde saýlawlaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, ilkinji gezek ÝHHG-ä gatnaşyjy her bir döwlete öz ýurdundaky saýlawlara halkara synçylaryny çagyrmak borjy berkidildi. ÝHHG-niň çäklerinde halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn etmek işlerini onuň bir bölümi bolan Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosy amala aşyrýar.

Wagtyň geçmegi bilen, ýokarda ady agzalan halkara guramalary bilen bir hatarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan hem saýlawlary guramagyň we geçirmegiň halkara ýörelgeleri oňa girýän döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda işlenilip düzüldi. Ýagny, 2003-nji ýylda sekiz döwletiň ýolbaşçylarynyň gol çekmegi esasynda, demokratik saýlawlary geçirmegiň standartlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň raýatlarynyň saýlaw hukuklary we erkinlikleri hakyndaky Konwensiýa güýje girdi. Şu Konwensiýanyň esasynda, GDA hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasy tarapyndan saýlawlary guramak we geçirmek bilen bagly sebitleýin ýeke-täk düzgünleşdiriji kadalar hem işlenilip düzüldi. Mysal üçin, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Prezident we Parlament saýlawlaryna gatnaşýan halkara synçylary hakynda Düzgünnama, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saýlawlara we sala salşyklara syn etmek boýunça halkara synçylary üçin Teklipnama, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletlerde saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň ýörelgeleri hakyndaky” Beýannamasy (Deklarasiýasy) we başga-da käbir resminamalar bar. Halkara saýlaw hukugynyň bu institutynyň täze döredilendigine garamazdan, onuň düzen resminamalarynyň saýlaw hukugynyň ösüşine uly goşandynyň bardygyny aýtmak bolar.

2001-nji ýylda esaslandyrylan sebitleýin halkara bileleşigi bolan  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem syýasy hukuklaryň we erkinlikleriň halkara goragyny üpjün etmek baradaky meseleleriň çözgütlerini işläp düzýär. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hartiýasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, guramanyň baş maksady halkara borçnamalaryna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň milli kanunçylyklaryna esaslanyp, adamlaryň hukuklaryny we esasy azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

Saýlawlaryň milli kanunçylyga we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilişine syn etmek maksady bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy agzasy bolup durýan döwletlere halkara synçylar toparyny ugradýar. Synçylar toparlarynyň alyp barmaly işleriniň tertibi      2006-njy ýylda kabul edilen, Prezident we Parlament saýlawlary, sala salşyklar boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar topary hakyndaky Düzgünnamada beýan edilýär.

Saýlawlary geçirmegiň halkara standartlary dünýäniň beýleki yklymlarynda bolşy ýaly, Afrikada hem ösüşe eýe bolýar. Halkara hökümetara guramasy bolan we Afrikanyň 53 döwletini birleşdirýän  Afrika bileleşigi özüniň esasy maksatlarynyň birini – adamlaryň hukuklarynyň pugtalandyrylmagyny we goraglylygyny düzgünleşdirdi. Adamyň we halklaryň hukuklary hakynda Afrika hartiýasynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, “Her bir raýatyň öz döwletini dolandyrmaga gös-göni ýa-da kanunçylyk düzgünlerine laýyklykda, erkin saýlanylan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr”. Afrika döwletlerinde geçirilýän milli saýlawlara gatnaşýan Afrika bileleşiginiň synçylar topary bu yklymda geçirilýän häzirki zaman saýlawlarynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.

Dünýäniň Demirgazyk ýarym şarynda özüniň sebitleýin çäklerindäki döwletlerde saýlawlary geçirmegiň kadalaryny birmeňzeş görnüşde düzgünleşdirmek babatyndaky meselä Amerika yklymlarynyň Döwletleri Guramasy (AYDG) hem özüçe çemeleşýär. Bu guramanyň alyp barýan işiniň esasy aýratynlygy onuň ynsanperwer häsiýetliligi bilen tapawutlanýar.

Amerika yklymlarynyň Döwletleri Guramasyna bu döwletleriň milli kanunçylygyndaky aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, syýasy hukuklary we azatlyklary pugtalandyrmak hem-de kämilleşdirmek ygtyýarlylygy degişli bolup durýar.

Amerika yklymlarynyň syýasy hukuklaryny halkara derejesinde düzgünleşdirýän esasy çeşme dört sany resminamadan, ýagny Amerika yklymlarynyň Döwletleri Guramasynyň Düzgünnamasyndan (1948 ýyl), Adam hukuklary we borçlary hakyndaky Amerikan jarnamasyndan (1948 ýyl), Adam hukuklary hakyndaky Amerikan konwensiýasyndan (1969 ýyl), Amerikanara demokratik hartiýasyndan (2001 ýyl) ybaratdyr.

Amerika yklymlarynyň Döwletleri Guramasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, AYDG-niň baş maksatlarynyň biri gatyşmazlyk ýörelgelerine hormat goýmak esasynda, wekilçilikli demokratiýany pugtalandyrmaga uýgunlaşmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,    AYDG-niň Düzgünnamasynda syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik ulgamlarynda döwletleriň özygtyýarlydygy aýratyn bellenilip geçilýär.

Adam hukuklary we borçlary hakyndaky Amerikan jarnamasy, esasan, syýasy, raýatlyk, ykdysady, sosial we medeni hukuklary jar etdi. Bu jarnama goraglylygy hökmany bolan adam hukuklary bilen bir hatarda, adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky borçlaryny hem öz içine alýar. Mysal üçin, jarnama islendik raýatyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky – ses bermek, kanunlary berjaý etmek, jemgyýete we halka gulluk etmek, daşary ýurt syýasy hereketlerinden saklanmak ýaly borçlary özünde jemleýär.

Adam hukuklary hakyndaky Amerikan jarnamasy 1969-njy ýylda kabul edilmek bilen, amerikan döwletleriniň öz kontinentinde demokratik institutlaryň çäklerinde adam hukugynyň aýrylmaz hormatyna esaslanýan raýat azatlygynyň we sosial adalatlylygyň ulgamyny berkitmäge ymtylýandygynyň nobatdaky tassyknamasy boldy. Jarnamanyň 27-nji maddasy ýurtda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, käbir hukuklaryň çäklendirilmegine rugsat berýär. Ýöne bu ýagdaýda hukuklaryň çäklendirilmegi kemsidiji häsiýetli bolmaly däl-de, şu ýagdaýda berk talap edijilik zerur bolmalydyr.

Amerikanara demokratik jarnamasynyň 2001-nji ýylda  AYDG-niň Baş Assambleýasynda tassyklanylmagy bilen, onda amerikan halklarynyň ösüşi üçin demokratiýanyň möhümligi ýene bir gezek nygtalyp, halkyň özygtyýarlylygynyň äşgär beýany hökmünde yzygiderli, erkin, adalatly we gizlin ses bermäge esaslanýan saýlawlary geçirmegiň baş ýörelgeleri beýan edilýär. Hartiýa halkara synçylarynyň topary hakyndaky bölüm hem girizilendir. Amerika yklymlarynyň Döwletleri Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar öz garaşsyzlyk hukuklaryny amala aşyrmak arkaly, öz edaralaryny saýlawlary geçirmek babatynda ösdürmek we berkitmek üçin   AYDG-den maslahat ýa-da kömek, şeýle hem toparyň ugradylmagyny soramaga hukugy bardyr. Saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin synçylaryň topary gyzyklanýan döwletiň haýyşnamasy boýunça ugradylýar. Gyzyklanýan döwletiň hökümeti we AYDG-niň Baş sekretary tarapyndan ylalaşyk baglaşylyp, saýlawlara syn etjek toparyň maksady we görnüşi kesgitlenilýär. AYDG hem öz tarapyndan bu toparyň işiniň täsirliligini we garaşsyzlygyny kepillendirýär, bu toparlaryň işi bolsa obýektiw, garaşsyz we aýan amala aşyrylmalydyr. Synçylaryň topary öz alyp baran işleriniň netijesi baradaky hasabat maglumatlaryny AYDG-niň hemişelik geňeşine iberýär.

Saýlawlary geçirmegiň tertibi we kadalary her döwletde onuň içki ösüşine oňyn ähmiýetli bolar ýaly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak arkaly işlenilip düzülýär. Saýlawlary geçirmek bilen bagly bolan umumy ykrar edilen islendik halkara kadalarynda saýlaw ulgamynyň gurluşynyň we ösüşiniň milli tejribelerine hormat goýmak alamatlaryny görmek bolýar. Şonuň netijesinde milli saýlaw tejribeleri hem umumy ykrar edilen halkara kadalary esasynda özüniň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirýär.

Dürli döwletleriň özboluşly aýratynlyklary bolan demokratik ösüşine, saýlaw ulgamlaryna seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, döwletiň içerki syýasy işlerine gatyşmazdan, saýlawlary guramagyň we geçirmegiň hem-de saýlawlara syn etmegiň halkara standartlary düzülýär. Munuň özi bolsa demokratik institutlara raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ösüşiniň oňyn taraplaryny üpjün etmäge ýardam berýär.

Siziňçe, dünýä tejribesinde saýlaw hukugy diýlip nämä düşünilýär?

Saýlawlary kanuna we halkara kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda geçirmegiň usullary özünde birnäçe demokratik ýörelgeleri jemleýär. Şonuň esasynda-da, ýurtlarda saýlawlaryň geçişiniň aýanlygyna, hakykydygyna hem-de adalatlydygyna baha berilýär.

Saýlawlary demokratik ýörelgelere we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmek, esasan, bäş sany ýörelgäni özünde jemleýär:

- Ählumumy saýlaw hukugy;

- Deň saýlaw hukugy;

- Göni saýlaw hukugy;

- Gizlin ses bermek;

- Erkin saýlawlar.

Ýokarda bellenilip geçilen saýlaw hukuklary demokratik ýörelgelerdir. Şonuň netijesinde hem raýatlaryň erkin we meýletin ýagdaýda döwleti dolandyrmaga gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen gatnaşmagyna, ýurtda halk häkimiýetliligiň dabaralanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri olaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän we kanunçylykda bellenilen guramaçylyk, hukuk we gaýry çärelerdir. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepillikleri düzýär.

Kanunçylyk kepillikleri – raýatlaryň saýlaw hukuklary  Konstitusiýada, kanunlarda we saýlaw işine, sala salşyga  gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we olary geçirmek baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kepillendirilýär.

Hukuk kepillikleri – raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň hukuk kepillikleriniň ulgamyny Konstitusiýada we  kanunlarda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen, raýatlaryň öz erkini, olaryň saýlaw hukuklarynyň goragyny, şol sanda kazyýet goragyny, saýlawly edaralara dalaşgärleriň şahsy eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça, raýatlaryň saýlawlara we sala salşyklara netijeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çäreler düzýär.

Ykdysady kepillikler – Döwletiň saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we olary geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylary Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna we beýleki görnüşlerde amala aşyrmak arkaly, raýatlaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy üçin  ykdysady we maliýe mümkinçilikleriniň döredilmegini kepillendirmeginden ybaratdyr.

Guramaçylyk kepillikleri – guramaçylyk kepillikleri saýlaw okruglaryny, saýlaw we sala salşyk uçastoklaryny, saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň işini üpjün etmek, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, dalaşgärleri, sala salşygyň meselelerini, synçylary, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige almak, wagyz işlerini geçirmek, ses bermegi guramak we ses bermegiň jemlerini jemlemek boýunça döwlet edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan amala aşyrylýan çärelerden, şeýle hem saýlawlary we sala salşyklary guramak bilen baglanyşykly gaýry işlerden ybarat bolup durýar.

Habar kepillikleri – saýlaw we sala salşyk işleri aýanlyk we raýatlaryň giňden habarly edilmegi esasynda amala aşyrylýar. Saýlawlaryň we sala salşyklaryň maglumat üpjünçiligi raýatlaryň öz erkini düşünjeli beýan etmegine, saýlawlaryň we sala salşyklaryň aýanlygyna ýardam etmek üçin, saýlawçylaryň habarly edilmegini we wagyz işleriniň geçirilmegini öz içine alýar.

Saýlaw işiniň we sala salşygyň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär. Raýatlara saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň meseleleri boýunça habar almak we ýaýratmak hukugy kepillendirilmelidir.

Şu maksat bilen, saýlaw toparlary, döwlet edaralary, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we habar ýetirmegiň beýleki umumy elýeter usullaryny peýdalanmak hukugyna eýe bolmalydyrlar.

Eger-de, haýsy-da bolsa bir döwlet halkara guramalarynyň doly hukukly subýekti bolup durýan bolsa, onda saýlawlar we sala salşyklar guralanda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanylýar.

Saýlaw hukugy diýen düşünjäniň iki sany obýektiw we subýektiw  manylary bardyr.

Obýektiw saýlaw hukugy bu döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlar bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän  hukuk kadalarynyň ulgamydyr. Muňa başga-da birnäçe pudaklaryň kadalaryny özünde jemleýän – Zähmet, Raýat, Administratiw, Jenaýat kodeksleri girýär. Bir söz bilen aýdylanda, obýektiw saýlaw hukugy saýlaw ulgamynyň yzygiderliligini düzgünleşdirýär.

Subýektiw saýlaw hukugy -- döwletiň raýatynyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiliginiň kepilligidir.

Subýektiw saýlaw hukugy aktiw we passiw saýlaw hukugy diýlen iki bölekden ybaratdyr.

Aktiw saýlaw hukugy -- bu raýatyň hut özüniň wekilçilikli edaralaryň ýa-da wezipeli adamlaryň saýlawlaryna saýlawçy hökmünde gatnaşmaga – ses bermäge hem-de sala salşygyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmaga bolan kanuny hukugydyr.

Passiw saýlaw hukugy -- şol bir saýlawçynyň wekilçilikli edaralara ýa-da saýlawly wezipelere saýlanmaga bolan hukugy bolup, onuň saýlawçylaryň sesleriniň kanunda bellenilen sanyny alyp, degişli orna saýlanylmagydyr.

Saýlaw hukugy möhüm syýasy hukuklaryň biri bolup durýar. Saýlaw hukugynyň esaslary özüniň gözbaşyny ýurduň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Konstitusiýada saýlaw hukugynyň esasy başlangyçlary beýan edilýär. Saýlaw hukugy ýurtlaryň Konstitusiýasynda dürli göwrümlerde beýan edilýär. Mysal üçin, käbir Konstitusiýada saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň düzgünleri diňe degişli maddalar boýunça beýan edilýär, emma käbir döwletleriň Konstitusiýasynda bolsa aýratyn bölümiň ýa-da babyň üsti bilen görkezilýär.

Saýlawlary geçirmegiň has giňişleýin düzgünleri Saýlawlar hakyndaky kanunlarda ýa-da Saýlaw kodeksinde beýan edilýär. Saýlaw möwsümini geçirmegiň käbir düzgünleri bolsa Kanuna laýyklykda Mejlisiň (Parlamentiň) we Merkezi saýlaw toparynyň kabul edýän kararlary bilen hem ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda bu babatdaky halkara tejribesi nähili derejede öz beýanyny tapýar?

Saýlawlary demokratik ýörelgelere we halkara standartlaryna laýyklykda geçirmegiň kadalary bolan esasy bäş ýörelgäniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda doly derejede özüniň beýanyny tapýandygyny aýratyn belläp geçmek bolar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 3-nji maddasynda:

- Saýlawlar we sala salşyklar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr;

- Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň bir sesi bardyr;

- Saýlawlar göni saýlawlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar;

- Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy erkin we meýletindir;

- Saýlawlarda we sala salşykda ses bermek gizlindir. Saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýär - diýlip bellenilmegi kanunçylyk esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň halkara ýörelgeleriniň hemme taraplaýyn berjaý edilýändigini doly subut edýär.

Dünýä tejribesinde saýlawlaryň aýanlygyna nähili düşünilýär?

Saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmegiň düzgünleri milli kanunçylykda bellenilýär. Saýlaw möwsüminiň aýanlygyny berjaý etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine uly wezipeler degişli bolup durýar. Saýlawlar gününi bellemek hakynda kararyň kabul edilen gününden başlap, tä saýlawlaryň netijeleri yglan edilýänçä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly saýlawlaryň taýýarlyk işleri we ses bermegiň geçirilişi, ses bermegiň jemleri barada habarlar, maglumatlar tapgyrlaýyn ilatyň dykgatyna ýetirilip durulýar.

Saýlaw toparlary saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerini açyk we aýan amala aşyrýarlar. Saýlaw toparlary öz düzümi, ýerleşýän ýeri we geçirýän işleri hakynda, bellige alnan dalaşgärler, olaryň terjimehalyna degişli maglumatlar we kabul edýän kararlary hakynda ilaty habarly edýärler. Saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, kanunçylykda bellenilen ygtyýarly adamlara saýlawlaryň taýýarlyk işleri we olaryň geçirilişi bilen bagly işlere gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

Kanunçylykda bellenilen ygtyýarly adamlara saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça mejlislere we ýygnaklara, saýlaw toparlarynyň mejlislerine, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlislerine, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklaryna, sala salşygy geçirmegi teklip edýän teklipçi toparlaryň ýygnaklaryna, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna, ses bermäge başlanylmazdan ozal saýlaw gutulary möhürlenende, ses bermegiň barşynda, saýlaw uçastogynda sesler sanalanda, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri takyklanylanda hem-de saýlawlaryň ýa-da sala salşyklaryň umumy jemleri jemlenilende bolmaga hukuk berilýär.

Saýlawlaryň aýanlykda geçirilmeginde milli synçylara uly orun degişlidir. Milli synçylaryň hukuklary we borçlary kanunda jikme-jik bellenilmek bilen, olara saýlaw möwsüminiň ähli işlerine syn etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli synçylar her döwletiň öz içki kanunçylygyna laýyklykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilýär we olar ýerli derejede saýlawlaryň kanunalaýyk geçirilişine syn edýärler.

Saýlawlaryň milli kanunçylyklara we demokratik ýörelgeleriň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilişine syn etmek üçin daşary ýurt (halkara) synçylary hem çagyrylýar. Halkara synçylary saýlaw geçirilýän degişli döwletiň çakylyk ibermegi esasynda halkara guramalary, ýagny Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly we beýleki halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri tarapyndan ugradylýar. Daşary ýurt (halkara) synçysy öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýar. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine syn etmek bilen baglanyşykly bolmadyk başga işleri amala aşyrmaga daşary ýurt (halkara) synçylarynyň hukuklary ýokdur. Halkara synçylaryň hukuklary we borçlary degişli döwletiň milli kanunlarynda jikme-jik bellenilmek bilen, olara saýlaw möwsüminiň ähli işlerine syn etmäge giň mümkinçilikler üpjün edilýär.

Halkara tejribelerinde käbir döwletleriň milli kanunçylygynda saýlawlara halkara synçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulmaýan ýagdaýlaryna hem duş gelmek bolýar. Halkara guramalarynyň synçylary saýlaw geçirilýän degişli döwletiň milli kanunçylyklarynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen birlikde, her bir halkara guramasynyň synçylyk işlerini amala aşyrmak bilen bagly kabul eden öz düzgünnamasynyň talaplaryny hem ýerine ýetirmelidirler.

Halkara guramalarynyň synçylary saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişi barada beýannama kabul edýärler we onuň mazmuny bilen tanyşdyrmak üçin, beýannamany köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halkara derejesinde yglan edýärler.

Saýlawlaryň aýanlykda geçirilmegi babatynda ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde uly  işler durýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görlüşiniň we olaryň geçirilişiniň barşyny beýan edýärler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilmeginde, saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň saýlawçylaryň dykgatyna öz wagtynda we dogruçyl ýetirilip durulmagynda uly jogapkärçilik degişlidir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri döwlet derejesindäki saýlawlar boýunça saýlawçylaryň ähli maglumatlar bilen tanşyp bilmeklerini üpjün edýärler.

Ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işi saýlawlary we sala salşyklary geçirmek hakyndaky kanunçylyklar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan taýýarlanylýan habarlaýyn maglumatlaryň mazmuny dogruçyl, hakyky bolmalydyr. Şunda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň teklipçi toparlarynyň, dalaşgärleriň hukuk deňligi bozulmaly däldir. Şeýle hem haýsydyr bir tarapyň ileri tutulmagyna ýol berilmeýär.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara halkara guramalaryndan synçylaryň gatnaşmagy, saýlawlaryň köp partiýalylyk şertlerinde geçirilmegi, häzirki ýagdaýda saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň,     şeýle-de raýatlar toparlarynyň hem-de dalaşgärleriň bellän milli synçylarynyň gatnaşmagy, saýlaw möwsüminiň geçirilişi, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň geçirýän mejlisleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilata yzygiderli habar berlip durulmagy ýurdumyzda saýlawlaryň giň demokratik ýörelgeler esasynda, açyklykda we aýanlykda, bäsleşik esasynda, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

– Indi demokratik saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem gürrüň beräýseňiz?

“Saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň halkara ýörelgeleri” atly kitapda demokratik saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem düýpli gürrüň edilýär.

Soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak demokratik institutlaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Dünýäniň iri halkara guramalary bolan  Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Geňeşi,  Ýewropa Bileleşigi, Amerika Yklymynyň Döwletleri Guramasy, Parlamentara Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan saýlawlara we sala salşyklara syn etmegi guramak bilen bagly esasy düzgünnamalary özünde jemleýän resminamalaryň 50-den gowragy kabul edildi.

Bu abraýly iri halkara guramalarynyň demokratik saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine aýratyn ähmiýet bermekleriniň sebäbiniň asyl maksadynyň mazmunyna aşakdaky tertipde düşündiriş bermek bolar. 

Demokratik saýlawlar her bir döwletiň syýasy durmuşynda esasy orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde döwletiň ösüşiniň geljekki ugurlaryny, syýasy we döwlet gurluşyny, raýat jemgyýetiniň hukuklaryny kesgitleýär. Erkin saýlawlar döwlet häkimiýetini kanunlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň demokratik usullarynyň biridir. Bu  möhüm ugurlary üstünlikli amala aşyrmakda saýlaw kanunçylygynyň  kämil bolmagy, saýlawlary guramagyň we olary geçirmegiň demokratik tejribeleri, şeýle-de olaryň saýlaw işlerine gatnaşyjylar hem-de halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilmegi wajyp meseledir.

Demokratik saýlawlara we sala salşyklara halkara derejesinde syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, haýsy-da bolsa bir döwlete saýlawlary we sala salşyklary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirildir.

Dünýäniň halkara guramalary tarapyndan saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň halkara hukuk kadalaryny ulanmaga XX asyryň  90-njy ýyllaryndan başlap, aýratyn ähmiýet berlip ugraldy.

Halkara synçylarynyň işiniň halkara-hukuk esaslary, ilkinji nobatda, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky milli kanunçylyklaryň çäklerinde ulanylýan halkara kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Halkara kadalarynyň milli kanunçylyklaryň çäklerinde ulanylmagy -- munuň özi halkara synçylaryň hukuk esaslaryna gapma-garşylyk döretmek bolman, halkara hukuk esaslarynyň milli kanunçylykdan aýratyn bir özbaşdak kadalaryň ulgamy däldigini aňladýar. Şonuň esasynda hem halkara hukuk kadalarynyň milli hukuk kadalarynyň ösüşine täsir edişi ýaly, her bir döwletiň taryhynda bolup geçýän hukuk kadalarynyň ösüşi hem gönüden-göni halkara kadalarynyň ösüşine täsir edýär.

 Saýlawlara we sala salşyklara halkara derejesinde syn etmegiň institutlary XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda we ahyrynda özüniň gurluşynyň belli bir döwrüni geçmek bilen, XXI asyryň birinji on ýyllygynda uly ösüşe eýe boldy. Eger-de, şu günki gün demokratik ýörelgeler döwleti dolandyrmagyň umumy ykrar edilen görnüşi bolýan bolsa, onda erkin saýlawlar we ählihalk  sala salşyklary hem onuň esasy özenidir.

Şonuň üçin hem saýlawlara we sala salşyklara halkara derejesinde syn etmegiň institutlary raýatlaryň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, saýlawlary we sala salşyklary guramagyň hem-de olary geçirmegiň umumy ykrar edilen demokratik kadalaryny kabul edenlerinde, oňa örän oýlanyşykly çemeleşip, hemme taraplaýyn, sazlaşykly bolmagyny gazanmalydyr. Şeýlelikde, halkara synçylarynyň hereketleriniň esasy maksady halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we adalatlylygy üpjün etmäge, halkara meseleleriniň çözgüdini tapmaga, döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmelidir.

Halkara synçylarynyň saýlawlara syn etmek işleri döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, saýlaw toparlaryndan we beýleki saýlawlara gatnaşyjylardan garaşsyz alnyp barylmalydyr. Halkara synçylaryna, milli synçylara saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin giň mümkinçilikler döredilmelidir, şeýle-de syn etmek gönüden-göni diňe bir saýlawlar güni bilen çäklenmän, eýsem dalaşgärleri hödürlemek, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek, sesleri sanamak ýaly beýleki çäreleri hem öz içine almalydyr, şeýle-de synçylaryň hereketleri, hukuklary kanunçylykda jikme-jik beýan edilmelidir.

Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň möhletiniň iki görnüşi, ýagny uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri ulanylýar.

Uzak möhletleýin halkara synçylary dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlanyndan, tä ses bermegiň netijeleri resmi taýdan yglan edilýänçä saýlawlaryň geçirilişine syn edýärler.

Gysga möhletleýin halkara synçylary diňe saýlawlar güni ses bermegiň barşyna we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn edýärler.

Uzak möhletleýin we gysga möhletleýin halkara synçylarynyň alyp barmaly işleriniň tertibi synçylary ugradýan halkara guramalarynyň öz düzgünnamalarynda beýan edilýär. Halkara synçylarynyň hukuklary olar saýlaw geçirilýän döwletiň Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar. Saýlaw geçirilýän döwletiň kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary halkara synçysy tarapyndan bozulan halatynda, şol döwletiň Merkezi saýlaw topary tarapyndan onuň resmi taýdan bellige alynmagy ýatyryp bilner.

Halkara synçylarynyň saýlawlara syn etmeginiň ýörelgeleri barada her bir halkara guramasynyň öz kabul edýän resminamalary bolýar.

– Amangeldi Gandymowiç, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Halkara tejribeleri baradaky bu gyzykly söhbetdeşligimizi geljekde hem dowam etdirmegi göz öňünde tutýarys.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren 
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti
Agadurdy AKMYRADOW.