TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SUNGATYŇ WE ÇEPER SÖZÜŇ BAÝRAMY

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi  baýram hökmünde belläp geçýän türkmen halky bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda müňýyllyklara ýaň saljak tutumly işleri üstünlikli amala aşyrýar.

On sekizinji asyrda ýaşap geçen, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti  üçünji müňýyllykda — bagtyýarlyk zamanamyzda-da has uludyr. Nusgawy şahyrymyz, şygyr sungatymyzyň şamçyragy, weli ynsan, pähim-parasada ýugrulan akyldar hem-de halkynyň hakyky durmuşy bilen ýaşan şahsyýetiň — Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleriniň halkymyzyň täze neslini watançylyk, ýokary ruhy-ahlak, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň hem örän uludygyny aýratyn bellemek zerurdyr.

Magtymguly Pyragy ýaly şahyrlaryň döreýşi jemgyýetiň ösüşi, onda bolup geçýän öwrülişikler hem-de il-günüň ykbaly, ýaşaýyş-durmuşy, ruhy ahwalaty bilen aýrylmaz baglydyr. Beýik Biribaryň gudratly keremi bilen ýaradylan «ylmy beden» diýilýän guýma-gursak ynsanyň aňyna we onuň döreden setirlerine külli türkmen halky asyrlardan bäri uly hormat goýup gelýär. Çünki, akyldar şahyryň setirlerine diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş ynsan kowmunyň ykbaly bilen bagly beýik pikirler siňdirilendir.

Onuň dürdäne setirleri il arasynda nakyllara öwrülip, ganatly sözler hökmünde häli-häzire çenli ýaşap gelýär. Hut şonuň üçin  hem türkmen halky Magtymguly Pyragynyň mertebesini  belentde tutýar. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň  medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygy bilen utgaşdyrylyp bellenilmeginiň aňrysynda örän uly we çuň simwoliki many bardyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanan ajaýyp üstünliklerini çeper sungatyň diline geçirip, dünýäniň dürli yklymlarynyň ýaşaýjylaryna düşnükli dilde  wagyz etmegi başarýan sungat ussatlarymyzyň bitirýän bu günki hyzmatlary çäksizdir. Hut şonuň üçin hem mähriban Arkadagymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň  bilelikde bellenilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtaýar.

Akyldar şahyryň setirleri bagtyýarlyk zamanamyzda-da ynsanlara asylly täsir edip, tutuş türkmen jemgyýetiniň has-da mäkäm jebisleşmegini üpjün etmäge ýardam edýär.

Biz hem  sungatyň we çeper sözüň  bu  şanly baýramçylygy bilen milli Liderimizi we medeniýet we sungat işgärlerini gyzgyn gutlaýarys!

 

Merkezi saýlaw topary.