TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

2019-NJY ÝYLYŇ 31-NJI MARTYNDA GEÇIRILJEK TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MÖHLETINDEN ÖŇ ÇYKYP GIDEN DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP, ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ ÝERINE SAÝLAWLAR

 


Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlar: jemler, sanlar


Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça taýýarlyk işleri barada  maglumat

(2019-njy ýylyň 18-nji martyndaky ýagdaýa görä)


Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy


Türkmenistanyň  Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden  deputatlarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji  martynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň terjimehallary


 

 

 

 

 

 

 

 

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlar: jemler, sanlar

 

Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda  syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary esasynda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine  saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Saýlaw möwsümi 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlandy.

Saýlawlar ýurdumyz boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň 44-sinde, Geňeşleriň 81-sinde, saýlaw okruglarynyň bolsa 125-sinde geçirildi, şol sanda:

  • Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde;
  • Welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde;
  • Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda;
  • Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde  geçirildi.

Has takygy:

  • Ahal welaýatynda 32 saýlaw okrugynda;
  • Balkan welaýatynda 10 saýlaw okrugynda;
  • Daşoguz welaýatynda 27 saýlaw okrugynda;
  • Lebap welaýatynda 33 saýlaw okrugynda;
  • Mary welaýatynda 21 saýlaw okrugynda;
  • Aşgabat şäherinde bolsa 2 saýlaw okrugynda geçirildi.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 222-si döredildi. Şol sanda:

  • Ahal welaýatynda 50;
  • Balkan welaýatynda 10;
  • Daşoguz welaýatynda 49;
  • Lebap welaýatynda 41;
  • Mary welaýatynda 58;
  • Aşgabat şäherinde 14.

Saýlaw uçastoklarynyň 143-si bilim edaralarynyň binalarynda döredildi. Has takygy:

Orta mekdeplerde 131-si, çagalar baglarynda 12-si, medeniýet edaralarynda 25-si, saglygy goraýyş edaralarynda 2-si, Geňeşleriň edara binalarynda  14-si, harby bölümlerde 18-si  we beýleki edara-kärhanalaryň binalarynda 20-si döredildi.

Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň  357-si syn etdi. Şol sanda:

  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 68;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasy tarapyndan 25;
  • Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 35;
  • Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklaryndan 60;
  • Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 23;
  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasyndan 44;
  • Raýatlar toparlary tarapyndan  29;
  • Dalaşgärler tarapyndan  73.

Dalaşgärleri hödürlemek 2019-njy  ýylyň 30-nji ýanwarynda başlandy we 28-nji fewralynda tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda geçirildi. 

2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 281-si bellenilen möhletlerde degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy. Has takygy:

  • Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7;
  • Welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 11;
  • Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 36;
  • Geňeşleriň agzalygyna 227.

Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 101-si hödürlenildi. Has anygy:

  •    Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 104;
  •    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 15;
  •    Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 61;
  •     Raýatlar toparlary tarapyndan 101 dalaşgär hödürlenildi.

Saýlawlar gününden öň ses bermek 2019-njy ýylyň 21-nji 30-njy marty aralygynda geçirildi.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.

Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 201.823 saýlawçydan, saýlawlarda ilkinji gezek ses bermäge 6856 ýaş saýlawçy gatnaşdy.   

Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän güni hem saýlawçylaryň işjeňligi bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Has takygy:

Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 80 müň 230 saýlawçydan 73 müň 106-sy ses berip, 91,12 göterim;

Welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 50 müň 713 saýlawçydan 46 müň 80-si ses berip, 90,86 göterim;

Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 44 müň 93 saýlawçydan 39 müň 997-si ses berip, 90,71 göterim;

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçydan 30 müň 281-si ses berip, 90,90 göterim gatnaşyk boldy.

Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklarynyň 21-sinde ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata göni we üznüksiz görkezildi.

Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ses berişleri on-line düzgüninde 2019-njy ýylyň 31-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli görkezildi we şol wagtyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtyna jemi 43.342 adam seretdi, şeýle hem onlarça müň adam bolsa on-line sahypasyna seredip gördi.

Saýlawlarda ýurdumyz boýunça bellige alnan 281 dalaşgärden  häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 125 adam  saýlandy. Şol sanda:

  • 7 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 3 deputat;
  • 11 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlaryna 4 agza;
  • 36 dalaşgärden etrap, şäher Halk maslahatlaryna 16 agza;
  • 227 dalaşgärden Geňeşlere 102 agza saýlandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher  Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna hödürlenip, saýlanylanlar:

  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 104 dalaşgär hödürlenip, şolardan 47-si;
  • Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 15 dalaşgär hödürlenip, 6-sy;
  •  Agrar partiýadan 61 dalaşgär hödürlenip, 27-si saýlandy.

Syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 180-sinden 80-si;

Raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 101 dalaşgärden 45-si  saýlandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 3 deputatyň 33,33 %;

Etrap, şäher Halk maslahatlaryna saýlanylan 16 agzanyň 18,75 %;

Geňeşleriň agzalygyna saýlanylan 102 agzanyň 10,78 % zenanlardyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylanlaryň 100 % hem ýokary bilimli adamlardyr.

Welaýat we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlanylanlaryň 75,00 %  ýokary, 25,00 %  ýörite orta bilimli adamlardyr.

Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlanylanlaryň 81,25 % ýokary, 18,75 %  ýörite orta bilimli adamlardyr.

Geňeşleriň agzalygyna saýlanylanlaryň 38,24 %  ýokary, 41,18 %  ýörite orta, 20,59 % orta bilimli adamlardyr. 

Saýlawlarda saýlanylanlaryň 24,8 %  30 ýaşa çenli, 23,2 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 24,00 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 28,00 %  50 ýaşdan uly adamlardyr.                                                         

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýan, dünýä tejribesini demokratiýanyň milli nusgasyna ornaşdyrmak arkaly ösüşe we kämillige badalga berýän ählihalk saýlawlaryny Watanymyzda mundan beýläk-de giň bäsleşik şertlerinde, milli kanunçylygymyza laýyklykda, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan  wajyp wezipedir.

 

 

 

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 
2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça taýýarlyk işleri barada  

M A G L U M A T

(2019-njy ýylyň 18-nji martyndaky ýagdaýa görä).

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda  döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär.

Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine – möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy. Saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary esasynda, 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçiriler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky  kararyna laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlandy.

Saýlawlar Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeňligi ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň 3-siniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň,  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň gatnaşmaklarynda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine  saýlawlar ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 125-sinde  geçiriler, şol sanda: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde  geçiriler. Has takygy:

Ahal welaýatynda 32 saýlaw okrugynda, Balkan welaýatynda 10 saýlaw okrugynda, Daşoguz welaýatynda 27 saýlaw okrugynda, Lebap welaýatynda 33 saýlaw okrugynda, Mary welaýatynda 21 saýlaw okrugynda, Aşgabat şäherinde bolsa 2 saýlaw okrugynda geçiriler.

Şu güne çenli saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 222-si döredildi.  Şol sanda:

Ahal welaýatynda 50, Balkan welaýatynda 10, Daşoguz welaýatynda   49, Lebap welaýatynda 41, Mary welaýatynda 58, Aşgabat şäherinde bolsa  14 saýlaw uçastogy döredildi.

Saýlaw uçastoklarynyň 143-si bilim edaralarynda döredildi. Has takygy:

Orta mekdeplerde 131-si, çagalar baglarynda 12-si, medeniýet edaralarynda 25-si, saglygy goraýyş edaralarynda 2-si, Geňeşleriň edara binalarynda  14-si, harby bölümlerde 18-si  we beýleki edara-kärhanalaryň binalarynda 20-si döredildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň araçäkleri, saýlaw uçastoklarynyň merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy we terjimehallary baradaky maglumatlar «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm), welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawlary  bolsa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine  saýlawlary guramaçylykly geçir­mek işi Merkezi saýlaw topary, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher, okrug, geňeşlik, şeýle hem  uçastok saýlaw toparlary tarapyndan  guralýar. Saýlaw toparlarynyň ählisiniň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw resminamalarynyň nusgalarynyň  30-sy  taýýarlanyldy  we bellenilen möhletlerde çap edilip, degişli saýlaw toparlaryna iberildi. 

Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan, meýilnama laýyklykda,  şu ýylyň fewral aýynda degişli saýlaw toparlarynyň agzalary we milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle-de welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň alyp barmagynda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolar. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylaryň 357-si bellenildi we welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy.  Şol sanda:

  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 68;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasy tarapyndan 25;
  • Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 35;
  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 60;
  • Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 23;
  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 44;
  • Raýatlar toparlary tarapyndan  29;
  • Dalaşgärler tarapyndan bolsa 73 milli synçy bellenildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanan, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda,  dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 30-njy ýanwarynda başlandy, 28-nji fewralynda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak 9-njy fewraldan     5-nji mart aralygynda geçirildi.  Bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 11, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 36, Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça jemi 281 dalaşgär Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bellige alyndy.

Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa  101-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:

  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 104;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasy tarapyndan 15;
  • Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 61;
  • raýatlar toparlary tarapyndan 101 dalaşgär hödürlenildi.

Bu sanlar 31-nji martda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşjekdigini aňladýar. Munuň özi saýlawlaryň köppartiýalylyk şertlerinde geçiriljekdigini we ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanjakdygyny görkezýär.

Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy.

Saýlaw  uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň her haýsynyň býulletenleriniň reňki biri-birinden tapawutly bolar. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Bizde Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak we geçirmek boýunça oňat tejribe toplandy. Biz geljekki saýlawlary hem şol ülňülere doly laýyklykda, giň dalaşgärlik esaslarda,    aç-açanlyk we aýanlyk şertlerinde, gizlin ses bermek arkaly geçireris» diýen pähim-parasatly nesihatyndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler we köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda demokratik ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar. 

 

(Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary).

 

 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy

 

Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy boýunça

Amanow Ýazdurdy – Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap hassahanasynyň baş hasapçysy, 1970-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa geňeşliginiň Çägeli obasynda doglan, Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

 

 

Annamyradowa Çemen Berdiýewna – Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,1978-nji ýylda  Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doglan, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy.  

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

 

Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna – Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, 1976-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.                                                   

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

 

 

Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy boýunça

Annaýew Jumageldi Meredowiç – Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri, 1974-nji ýylda  Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginde doglan, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

 

Serdarow Ata Öweznepesowiç – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 1964-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

              

 

 

                                    

Mary welaýatynyň 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça

Gurbanow Mekan Çaryýewiç – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy, 1987-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginde doglan, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

Jumadurdyýew Arslan Amandurdyýewiç –  Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 1983-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginde doglan, Murgap etrabynyň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň  Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden  deputatlarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji  martynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleriň terjimehallary

 

Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy boýunça  

 

Amanow Ýazdurdy 1970-nji ýylyň 26-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa geňeşliginiň Çägeli obasynda doguldy. Milleti türkmen.

1977-1987-nji ýyllarda Gubadag etrabyndaky 42-nji orta mekdepde okady.

1987-1988-nji ýyllarda «Amyderýa» daýhan birleşiginde işçi bolup zähmet çekdi.

1988-1990-njy ýyllarda harby gullukda boldy.

1990-1994-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony inžener-haryt öwreniji hünäri boýunça tamamlady.

1994-1996-njy ýyllarda Gubadag etrap Alyjylar jemgyýetiniň haryt öwrenijisi;

1996-1997-nji ýyllarda Gubadag etrap Alyjylar jemgyýetiniň üpjünçilik bölüminiň müdiri, soňra Gubadag söwda merkeziniň müdiri;

1997-1998-nji ýyllarda Gubadag etrap Alyjylar jemgyýetiniň 13-nji dükanynyň müdiri; 

1998-2000-nji ýyllarda Gubadag etrap Alyjylar jemgyýetiniň 25-nji dükanynyň müdiri bolup işledi.

2001-2007-nji ýyllarda Gubadag etrap Medeniýet bölüminiň baş hasapçysy bolup işledi.  

2007-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap hassahanasynyň baş hasapçysy bolup işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Annamyradowa Çemen Berdiýewna 1978-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

1986-1995-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdepde okady.

1995-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Daşoguz şäherindäki hususy kärhananyň hat ýazýan enjam boýunça kätibi bolup işledi.

1995-1999-njy ýyllarda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde okap, ony suratçy, surat we çyzuw mugallymy hünäri boýunça tamamlady.

1999-2004-nji ýyllarda Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda okap, ony sungaty öwreniji hünäri boýunça tamamlady.

2004-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy bolup işleýär.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna 1976-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

1983-1993-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde  okady.

1993-1997-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okady we filolog, iňlis dili mugallymy hünärine eýe boldy.

1995-1998-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işledi.

1998-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiçi dessin işgäri bolup işledi.

1999-2001-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy;

2001-2007-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy;

2007-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.

2013-2019-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinde işledi.

2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipelerinde işleýär.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy boýunça  

 

Annaýew Jumageldi  Meredowiç 1974-nji ýylyň 3-nji maýynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1981-1991-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdepde okady.

1991-1996-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony fizika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.

1996-2004-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky   10-njy orta mekdepde fizika mugallymy;

2004-2007-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri baradaky orunbasary;

2007-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Serdarow Ata Öweznepesowiç 1964-nji ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda doguldy. Milleti türkmen.

1971 - 1981-nji ýyllarda Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumyndaky  öňki  9-njy orta mekdepde okady.

1981-1987-nji ýyllarda Türkmenistanyň Myrat Orazgulyýewiç

Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okady we lukman hünärine eýe boldy.  

1987-1998-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki Tiz kömek merkeziniň hirurgiýa bölüminiň intern lukmany boldy.                                                        

1988-1991-nji ýyllarda  Büzmeýin etrap hassahanasynda hirurg lukman bolup işledi.                                             

1991-1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň Myrat Orazgulyýewiç Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynda aspiranturada okady we lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. 1994-2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Myrat Orazgulyýewiç Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynda assistent-mugallym bolup işledi. Şol bir wagtda, 2002 - 2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Myrat Orazgulyýewiç Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa fakultetiniň dekany,  «Tenekär» farmasewtiki infuzion derman serişdelerini öndüriji zawodynyň direktory wezipelerinde işledi.                                                                           

2005-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň direktory wezipesinde işledi.

2007-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işledi.                                        

2010-njy ýylyň aprel-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminde işledi.

2010-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi;

2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, Türkmenistanyň Ysraýyl döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi;  2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda Niderlandiýa Patyşalygynda, Lýuksemburg Gersoglygy Patyşalygynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtyň özünde Gaagadaky Himiýa ýaraglaryny ýaýratmaga garşy Guramasynda Türkmenistanyň wekilçiliginiň ýolbaşçysy we 2017-nji ýylyň 3-nji martyndan Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki wekilçiliginiň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi.          

2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

2018-nji ýylyň  aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine işleýär.

Maşgalaly, bäş çagasy bar.                                                

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Mary welaýatynyň 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça  

 

Gurbanow Mekan Çaryýewiç   1987-nji ýylyň 7-nji maýynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1994-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 4-nji orta mekdepde, soňra 2000-2003-nji ýyllarda bolsa Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde okady.

2003-2005-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kömekçi kärendeçisi bolup işledi.

2005-2010-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.

2010-2012-nji ýyllarda Mary welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisiniň tälim alyjysy, harby prokuraturasynyň uly sülçüsiniň tälim alyjysy, uly sülçüsi wezipelerinde işledi.

2012-2014-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, soňra uly kömekçisi bolup işledi.

2014-2016-njy ýyllarda Mary welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, derňew ugry boýunça uly kömekçisi wezipelerinde işledi.

2017-2018-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Baýramaly şäher häkimliginiň durmuş-medeni ulgamynyň, harby bölümleriň we hukuk goraýjy edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni bolup işledi.

2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Jumadurdyýew Arslan Amandurdyýewiç 1983-nji ýylyň 2-nji aprelinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1990-1999-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okady.

2000-2005-nji ýyllarda Gyrgyz Respublikasynyň Oş döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.

2005-2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2007-2011-nji ýyllarda Mary welaýatynyň «Murgapsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işgärler bölüminiň hünärmeni bolup işledi.

2011-2014-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň Işgärler bilen işlemek boýunça hünärmen-hukukçysy wezipesinde işledi.

2014-2016-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.

2016-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri Mary welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, bäş çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.