Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise Merkezi saýlaw toparyň agzalaryndan başga-da, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň merkezi edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleriniň barşy, şol sanda saýlaw okruglaryny, şeýle hem okruglaryň, şäherçeleriň we Geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleri hakyndaky habarlary, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esaslaryny üpjün etmegiň, şeýle hem ilat arasynda degişli düşündiriş işlerini geçirmegi öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlediler.
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüý...
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna...
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümini, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamagyň gutarnykly netijeleri j...
Örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly...
2018 ýylyň 28 martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň h...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Onda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara ta...
Şu saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saý...
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,69% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 92,04%, Balkan welaýatynda 91,84%, Daşoguz wela...