TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

14 Apr

Möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlaryna we geňeşlere dalaşgärler hödürlenilýär

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Paýtagtymyzyň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça ýurdumyzyň Demiokratik partiýasyndan we raýatlar toparlaryndan öz wekillerini hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. 
Halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalaryň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynda Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat, etrap we şäher guramalaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçýär.

Ähli okruglarda bir orna birnäçe dalaşgärler hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy onuň açyklygyny we aýanlygyny şertlendirýär. Dalaşgärleri görkezmek çäreleri tamamlanansoň, olar bellige alnar. Soňra dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar, şondan soňra saýlawçylar bilen duşuşyklar geçiriler.

05 Iýun
Welosiped sürmek boýunça okuw sapagy: dünýäniň täze rekordy

3-nji iýunda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öňüsyrasynda «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda we...

03 Iýun
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­dy

Şu gün dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­ş...

16 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüý...

16 Apr
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna...

05 Apr
Halkyň saýlanlary öz hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny resmi taýdan aldylar

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümini, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamagyň gutarnykly netijeleri j...

30 Mart
Mejlisiň täze deputatlar düzümine şahadatnamalar gowşuryldy

Örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly...

29 Mart
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

2018 ýylyň 28 martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň h...

26 Mart
Halkara synçylary saýlawlaryň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Onda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara ta...