TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

25 Apr

2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak işleri tamamlandy.

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak işleri tamamlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, bu saýlawlar boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 255-si döredildi. 

Şeýle-de, ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 177-sinde saýlaw çäreleri dowam edýär.  Saýlawlar etraplaryň we şäherleriň jemi 39-synda geçiriler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw işleriniň aýanlygyny berjaý etmek üçin, häzirki wagta çenli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi 272-si degişli welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy.  Şolardan 67-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 33-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 35-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy we 57-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 28-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 52-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bellenildi. Bellige alnan milli synçylaryň 39,34 göterimi zenanlardyr.

Şu günki günler öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek, dalaşgärleri bellige almak we olara şahsyýetnama gowşurmak, bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirmek, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny guramak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek we takyklamak, saýlaw býulletenlerini, saýlaw resminamalaryny çap etmek ýaly beýleki taýýarlyk işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň degişli guramalary hem-de raýatlaryň toparlary tarapyndan jemi 393-si hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, hödürlenilen dalaşgärler degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy, bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.

Saýlaw okruglarynyň jemi 177-si boýunça dalaşgärler saýlaw okruglarynda azyndan iki we ondan-da köp dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär. 

Öňde boljak saýlawlaryň köp partiýalylyk şertlerinde geçiriljekdigini, ýagny bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hem-de raýatlaryň toparlarynyň gatnaşjakdygyny aýtmak gerek. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň bäsleşik we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

24 Maý
Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 21-nji maýynda birnäçe saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem welaýa...

21 Maý
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda...

21 Maý
Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça ses bermek başlandy!

2017-nji ýylyň 21-nji maýynda saýlaw uçastoklarynyň 255-sinde sagat 7-de ses bermek başlandy we 19-da tamamlanýar. Bu saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 233914-si hasaba alyndy. Has takygy, Ah...

19 Maý
Dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary tamamlandy

Şu ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek möhletinden öň  çykyp  gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyn...

11 Maý
Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda boljak Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlar...

05 Maý
Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi mynasybetli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlawlaryň öňýany...

02 Maý
Saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryn...

25 Apr
2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak işleri tamamlandy.

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryn...