TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

07 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR, AHAL WELAÝATYNYŇ BAŞ YKDYSADYÝET WE ÖSÜŞ MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY SERDAR BEGMUHAMMEDOWIÇ JELILOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine hödürlän raýatlaryň teklipçi toparlaryna ägirt uly hoşallygymy bildiýärin we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler we ösüşler ýoly bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde ajaýyp üstünliklere beslendi. Bu gün hem ata Watanymyz ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Sazlaşykly ösýän Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasaty mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýarymyzda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde türkmen halky ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeleri dolulygyna makullaýar, ýurtda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanyp, bu beýik özgertmelere, ajaýyp ýeňişlere özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.

Ýurdumyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek üçin ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, çig mallary we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryny has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak, ykdysadyýetimiziň dünýäniň hojalyk ulgamyna giňden goşulmagyny üpjün etmek, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, ýetmezçiliksiz ýokary girdejili býujeti düzmek, milli puluň hümmetini saklamak, dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän mahalynda ähli pudaklaryň durnukly ösüşini, adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler döwletiň üns merkezinde bolmalydyr diýip hasaplaýaryn.

Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy ozaly bilen, binýatlyk pudaklary, ýagny nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde görýäris. Bu pudaklaryň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny kesgitleýär.

Türkmenistan tebigy baýlyklara we energiýa çeşmelerine baý, kuwwatly döwletleriň biridir. Häzirki wagtda, biziň döwletimiz iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun aldy we özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazy ulanmak arkaly işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklar ýokary depginlerde ösdürilýär, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň, halkara arenasyndaky ornunyň pugtalanmagynyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleri mundan beýläk hem dowam etdireris. Milli baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, halkymyzyň, Watanymyzyň bähbitlerine ulanmak biziň baş wezipämiz bolar.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Biziň ýurdumyzda kuwwatly, okgunly ösýän energetika senagaty döredilendir, ol okgunly depginler bilen ösýär. Bu pudak biziň ähli ösüşlerimiziň girewidir. Geljekde elektrik energiýasyny daşary döwletlere ibermek işleri güýçli depginler bilen dowam etdiriler. Bu babatda, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak ugrunda ähli tagallalary alyp bararys.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, biz bazar gatnaşyklaryna kem-kemden geçmek bilen, ykdysadyýetiň durmuş ugurly nusgasyny saýlap aldyk. Bu eýýäm öz anyk netijelerini berýär. Ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösýär, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklary yzygiderli ösýär we kämilleşýär.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, geljekde ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan nebitden, tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan başga-da himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy pudaklarynyň önümleri we olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenen harytlyk taýýar önümlerini daşary döwletlere eksport etmegi üns merkezinde saklarys. Bu işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin degişli ulgamlary ösdürmek, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň önümçiligini artdyrmak döwletimiziň baş wezipesi bolar. Ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk hem-de beýleki ulgamlarda hem düýpli özgertmeleri amala aşyrarys, bu ulgamlarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri bardyr.

Türkmenistan-Gazagystan-Eýran, Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) -Akina (Owganystan) demir ýollarynyň gurluşygy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy ulag ulgamynda ýetilen uly üstünlik bolmak bilen, ýurdumyzyň haýran galdyryjy ösüşleriniň subutnamasydyr. Hut şunuň üçin hem bu ulgamyň ösüşine döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garamagy göz öňünde tutýarys.

Paýtagtymyzda täze Halkara howa menziliniň gurlup ulanylmaga berilmegi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň gurulmagy ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige giň mümkinçilikleri berýär. Şol sebäpli-de bu ugurda hem dünýä ülňülerine laýyk derejede zerur işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi Watanymyzyň belent abraýynyň ykrar edilmeginiň hem-de paýtagtymyzyň halkara sport mekrezi hökmünde mynasyp orun eýeleýändiginiň subutnamasy bolar. Biz geljekde hem sporty ösdürmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamak boýunça işleri dowam etdireris.

Obalary özgertmek, oba ýaşaýjylarynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen obasyny galkyndyrmagyň uzak möhletleýin maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde, biz tagallalary birleşdirip, oba ýerlerinde ilatyň öz serişdeleriniň we döwletiň ýeňillikli karzlarynyň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap durmuş-medeni desgalarynyň gurluşygynyň has çalt depginlerde alnyp barylmagyny, awtomobil ýollarynyň, elektrik, gaz, suw geçirijileriň durkuny täzelemek we beýleki amatlyklary döretmek, oba bilen şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýakynlaşdyrmak barada ähli çäreleriň alnyp barylmagyny üpjün ederis.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl hem-de ýokary girdeji almaklary, alyjylaryň bolsa ýokary hilli önümleri elýeter bahadan satyn alyp bilmekleri üçin şertleri döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini-ekologiýa taýdan arassa gök önümlerden we miwelerden başlap, dokma senagaty we senagatyň beýleki pudaklary üçin gymmatly çig mala çenli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň öndüren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna taýýar harytlary çykarmagyň giňden ýola goýulmagy, önümleri gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmek baradaky raýatlaryň islegleriniň ähli çäreler arkaly goldanylmagy, şeýle hem täze döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy azyk bolçulygyny döretmäge goşulan uly goşant bolar.

Ilatyň iş bilen üpjünlik meselesini hem hemişe üns merkezinde saklamak bilen, biz ýerlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň işe girizilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, gysga möhletde önüm öndürmek mümkinçilikli kärhanalaryň işini ýola goýmak ugrunda orta we kiçi telekeçiligi hemişe goldamagy dowam etdireris.

Ilatyň saglygyny goramak, ber bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet sýasatynyň ileri tutulýan ugry boulp durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda öz mynasyp ornuny tapdy. Aşgabatda we ähli welaýatlarda halkara derejesindäki, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar we sagaldyş desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle desgalaryň gurluşygyny geljekde-de giň gerim bilen ýaýbaňlandyrarys.

Ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygy hakdaky aladalar, halkymyzyň zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýan ähli edaralaryň we gulluklaryň işini ýokary derejede guramak hemişe üns merkezinde saklanar.

Ylmy we bilimi üstünlikli ösdürmek her bir döwletiň öňe gitmeginiň we pajarlap ösmeginiň esasy şertidir. Şundan ugur alnyp, bu ugra geljekde hem möhüm ähmiýet berler. Ösüp gelýän ýaş nesil uly alada bilen gurşalar. Hemmetaraplaýyn sowatly, ýokary hünärli, iş başarjaň, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ösdürip ýetişdirmek döwletiň esasy aladalarynyň biri bolar.

Bilimi we ylmy ösdürmek, ýurdumyzyň alymlarynyň täze neslini kemala getirmek boýunça toplumlaýyn işleri geçireris.

Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Milli medeniýeti ösdürmek, mirasa sarpa goýmak, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek, adamlarda ruhubelentligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Munuň özi türkmen halkynyň geçmişdäki baý medeni mirasy bilen şu günki bagtyýar durmuşynyň bir bitewilige jemlenmegini we milletiň ruhy galkynyşynyň, gaýtadan döreýşiniň emele gelmegini üpjün eder.

Hemişelik bataraplyk derejesine esaslanmak bilen sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, dostlugy we oşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak boýunça daşary syýasatymyzy dowam etdireris, dürli döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä götereris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmakda her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen agzybirlikde, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, uly üstünlikler gazanjakdygymyza pugta ynanýaryn.

Beýleki dalaşgärlere öňde boljak saýlawlarda üstünlikler arzuw edýärin.

Goý, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyl ýurdumyzyň täze üstünlikleine we ösüşlere beslensin!

Goý, dünýä dursun, türkmen halkymyz dursun! Goý, dünýä dursun, mukaddes Watanymyz -- Türkmenistan döwletimiz dursun!

 

 

Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň terjimehaly

 

1965-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1991-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

1980-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň abatlaýyş-gurluşyk edarasynyň möwsümleýin işçisi bolup zähmet ýoluna başlady. 1982-1983-nji ýyllarda bu edaranyň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-1993-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň senagat gurluşyk materiallary kombinatynyň uly buhgalteri, baş buhgalteriň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.

1993-1994-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň meýilleşdiriş maliýe bölüminiň başlygy.

1994-2005-nji ýyllarda Ahal welaýaty häkimliginiň baş buhgalteri bolup işledi. 2005-2009-njy ýyllarda Ahal welaýat häkimliginiň Ykdysadyýet, söwda we telekeçilik bölüminiň başlygy, baş buhgalteri wezipelerinde işledi.

2009-2011-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň maliýe bölüminiň başlygy.

2011-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň obasenagat toplumynyň maliýe müdirliginiň başlygy.

2013-nji ýylyň maý aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

21 Few
Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy

2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Bu ýere Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň...

14 Few
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy

Paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň gutarnykly jemler...

13 Few
Halkara synçylary: Türkmenistanda saýlawlar ýokary guramaçylyk derejede, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçdi

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň halkara synçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň gatnaşmagynda geçirilen j...

13 Few
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi

Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemleri yglan edildi. Ma...

12 Few
Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdiler

Şu gün ir sagat 7-de ýurdumyzyň ähli ýerinde birwagtda badalga alan Türkmenistanyň Prezidentiniň sýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisi ses berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň w...

12 Few
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi. Bu saýlaw uçastogynda saýl...

12 Few
В ЦИК состоялась встреча с Генеральным секретарём ШОС Р.Алимовым

11 февраля в Центральной комиссии по выборам и проведению референдумов состоялась встреча с Генерального секретаря Шанхайской Организацией Сотрудничества Рашидом Алимовым, прибывшим в Ашхабад в качест...

12 Few
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,27% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,25%, Balkan welaýatynda 96,51%, Daşoguz welaýatynda 98...