Saýlaw býulleteni – Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň ses bermegi üçin ulanylýan hem-de berk hasabatlylyga degişli resminamadyr.
Saýlaw býulletenleri döwlet dilinde çap edilýär, şeýle hem olar degişli etrap, şäher saýlaw toparlarynyň haýyşnamasy esasynda saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň köplüginiň ulanýan dilinde hem çap edilip bilner.
Elipbiý tertibinde görkezilýär.
Kandidat barada gysga maglumat.
Käri.
Býulleten nusgasyny ýükläp alyň
Hereket tertibini ýükläp almak
Saýlaw býulletenleri saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan on gün galanda saýlaw uçastoklaryna getirilýär. Saýlaw býulletenleriniň arka tarapyna uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekýär hem-de uçastok saýlaw toparynyň möhri basylýar.
Uçastok saýlaw toparynyň başlygy saýlawçylara saýlaw býullenini bermek işlerini uçastok saýlaw toparynyň degişli agzalaryna tabşyrýar.
Uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär.
Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär.
Saýlawçy saýlaw býulletenini kabinada doldurýar. Saýlaw býulleteni doldurylanda kabinada ses berýänden başga adamlaryň bolmagy gadagandyr.
Saýlaw býulletenini özbaşdak doldurmaga mümkinçiligi bolmadyk saýlawçynyň öz islegine görä, saýlaw toparynyň agzalaryndan, synçylardan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan, teklipçi toparyň agzalaryndan başga adamy kabina çagyrmaga hukugy bardyr.
Saýlawçy dalaşgäriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, saýlaw býulleteninde şonuň familiýasynyň deňinde bellik edýär.
Saýlaw býulleteninde birden köp bellik etmek, saýlaw býulletenini surata almak we wideo ýazgy etmek ýa-da ony ses berilýän jaýdan çykaryp, ýanyň bilen alyp gitmek gadagandyr.
Saýlawçynyň haýyşy boýunça zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine oňa täze saýlaw býulleteni berlip bilner.
Saýlaw býulletenleri saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edileninden soň, degişli etrap, şäher saýlaw toparyna eltilýär we şol ýerde iki aý möhlete çenli saklanylýar. Saýlanylanlaryň ygtyýarlyklary ykrar edileninden iki aý soň bolsa, ýakylyp ýok edilýär.
Raýatlara olara başga şahslara ses bermäge mümkinçilik bermek maksady bilen saýlaw býulletenlerini berenler ýa-da saýlaw býulletenlerini galplaşdyryp ýasanlar ýa-da saýlaw býulletenlerini ses berilýän jaýdan bikanun çykaranlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Ses bermek boýunça gözükdirmäni ýükläp almak
