CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini 2013-nji ýylyň         1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Şu Kodeksiň güýje giren gününden başlap, şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etmek we güýje girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň Ýygyndysy, 2005 ý., HM-85):

- 1-nji maddasyny;

- 2-nji we 3-nji maddalaryny "Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda" we "Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunlary böleginde;

2) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň Ýygyndysy, 2005 ý., HM-83);

3) 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda täze redaksiýada kabul edilen "Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 42-nji madda);

4) 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen "Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 37-nji madda);

5) 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen "Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 38-nji madda);

6) 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen "Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 42-nji madda);

7)  2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen "Sala salşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 63-nji madda);

8) 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen "Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 64-nji madda);

9) 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 95-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                   Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 4-nji maýy.

№ 395-IV.

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY

(rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda