2026-06-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer tagallalary esasynda eziz Diýarymyz milli demokratik ýörelgelerimizi çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe gadam urýar. Asuda, parahat ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda hem saýlaw hukukly raýatlaryň öz erk-islegini erkin we meýletin beýan edip bilmekleri üçin oňyn şertler döredilýär. Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, olar täzeden döredildi. Bu saýlaw toparlaryny döretmek işleri, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, guramaçylykly geçirildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda amala aşyryldy.
Mejlisler we ýygnaklar aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, demokratik esaslarda geçirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 77 wekil hödürlenildi.
Has takygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 19;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 6;
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 12;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 16;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 9;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 7;
Raýatlaryň toparlaryndan 8.
Şunuň bilen baglylykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek hakynda geçirilen mejlisleriň we ýygnaklaryň beýany esasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyndaky kararyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi döredildi we tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Saýlaw toparlarynyň täze düzümine Merkezi saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnama gowşuryldy.
Welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi geljek bäş ýylyň dowamynda, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlarynyň doly düzümi saýtyň «Topar barada» diýen bölüminde ýerleşdirildi.
