l
Parahat, hoşniýetli, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň agzybir, merdana halkyny bedew batly ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, ynsanperwer we demokratik syýasaty esasynda türkmeniň döwletlilik ýörelgesi täze many-mazmunda dowamata beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamata beslenilýän şol döwletlilik ýörelgeleriniň biri hem her ýyly özüne kybapdaş şygar bilen atlandyrmak däbidir.
Asla, indi, her ýyl dekabr aýy gelende raýatlarymyz, şol sanda talyplarymyzdyr mekdep okuwçylarymyz geljek Täze ýylyň şygarynyň nähili boljakdygy barada öňünden gyzyklanyp, oýlanyp başlaýarlar. Haçan-da, ýylyň şygary yglan edilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilen pursatyndan bolsa, ýylyň şygaryny öwran-öwran okap, öwrenip, Täze ýyla täze şygaryň ruhubelentligi bilen gadam basýarlar. Munuň özi bolsa, bu däbiň asylly ýörelgedigini äşgär edýär.
Şol asylly ýörelgä görä, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Elbetde, 2026-njy ýylyň şygarynyň we onuň nyşanynyň at bilen bagly bolmagynda umman ýaly çuňňur many-mazmunyň bardygyny aýratyn belläp geçmek gerek.
Çünki, bu ýyl biz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna belent maksatlar bilen barýarys, atlarymyz bolsa biziň toý-baýramlarymyzyň bezegidir hem-de ynsan ogluny öz maksat-myradyna, üstünlige ýetirýär. Biziň gadamy batly bedewlerimiziň taryhy döwürlerde şu mukaddes topragyň, halkymyzyň erkinligini, erkanalygyny gorap saklamakda örän uly ähmiýeti bardyr. Goç ýigitler öz wepaly gardaşy bolan atlary bilen ýeňiş we şöhrat gazanypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmenler özi iýmän, ilki atyna iýdiripdirler. Ýelden ýüwrük atlarymyz biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen atlarynyň mähirli, nurana keşbi Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynda orun alyp, merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we ajaýyp şäher bolan, ýaşlaryň şäheri bolan, akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň arhitektura gurluşynda hem öz mynasyp beýanyny tapdy. Bedewlerimiz barada ençeme eserler, şygyrlar, aýdymdyr sazlar, mukamlar döredildi, çeper filmler düşürildi.
Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda ýazan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», 2016-njy ýylda ýazan «Gadamy batly bedew», 2018-nji ýylda ýazan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly, ajaýyp kitaplarynda hem biziň behişdi bedew atlarymyzyň türkmen halkynyň ykbalyndaky möhüm ähmiýeti, dünýä ýüzündäki şan-şöhraty barada giňişleýin beýan edilýär.
Aslyýetinde, dünýäde üç sany arassa ganly saýlama tohum atlarynyň bolmagy, şol üç atyň biriniň hem biziň halkymyza degişli bolmagy, munuň özi türkmenleriň beýik halkdygyndan habar berýär.
Türkmen bedewleriniň owadanlykda, ýyndamlykda, duýgurlykda deňi-taýy ýokdur. Olar eýesiniň ýüregini duýup bilýän wepaly syrdaşy, dostudyr. Biziň ynsan ýaly duýup, syzyp bilýän gamyşgulak atlarymyz goç ýigitlerimize şatlyk, saglyk, mertlik, üstünlik getirýär.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy «Içinde» diýen goşgusynda:
At aýdar: aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Daglarda-daş içinde – diýip, danalyk bilen atyň waspyny beýan edýär.
Serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdi hem özüniň «Üsti bedewiň» atly şygrynda:
Bedew münen hassa bolsa sag olur,
Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň – diýip, bedewlerimiziň ajaýyplygyny, şan-şöhratyny joşgunly wasp edýär.
Bilşimiz ýaly, ahalteke bedewlerimiz öz köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasydyr.
Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň durmuşa geçirýän demokratik, ynsanperwer, hoşniýetli içeri we daşary syýasaty netijesinde, türkmeniň ata-babalarymyzdan bäri asyrlar boýy dowam edip gelýän döwletlilik ýörelgesi halkara derejesinde dabaralanýar. Elbetde, geçen ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bilen gabat gelmeginiň, üstümizdäki ýylda bolsa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynyň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylyna gabat gelmeginiň aňrysynda hem çuňňur many-mazmun bardyr.
Şu ýylyň ýalkymly şygarynda we onuň nyşanynda türkmen halkynyň ruhy dünýäsi jemlenendir. Çünki, olarda, ata Watanymyzyň döwlet kartasy, başymyzyň täji – mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, uçar ganatymyz bolan bedewlerimiziň keşbi, bäş welaýatymyzyň türkmen halylarynyň ajaýyp gölleri, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik syýasatymyz, agzybirligimiz, üstünlikli ösüş ýolumyz beýan edilýär. Garaşsyzlyk bolsa halkymyzyň ruhy sütünidir.
Şeýlelikde, ýylky ýylynyň nurana şygary şu günlerde asuda, parahat ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly seslenmä eýe bolup, özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna bedew batly ösüşler, maksatlar bilen gadam basýan agzybir, merdana türkmen ilini uly ruhubelentlige, ýagşy, nurana arzuw-umytlara besleýär.
Parahat ýurdumyzyň agzybir, merdana halkyny demokratik ýörelgeler bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.
17.02.2026
