l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo materiallar

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ESASYNDA GEÇIRILJEK ÇÄRE

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Bu saýlawlar Diýarymyzda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagynda nobatdaky ädim bolar. Öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän saýlaw möwsüminiň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Bilşimiz ýaly, saýlaw möwsümi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar, şolaryň biri hem dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleridir. Söhbetdeşligimizi dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de bellige almagyň tertibi we talaplary barada başlaýsak!

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlar demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda we nusgalyk derejede geçirilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlary guramaçylykly geçirmekligiň häzirkizaman usullaryny saýlaw işlerine ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmek saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Esasy Kanunymyza laýyklykda, Mejlisiň deputatlygyna saýlawlar gününe çenli 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda ýurtda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar gününe çenli 21 ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar, dalaşgärleri bellige almak bolsa, saýlawlara elli gün galanda başlanýar we ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri 2026-njy ýylyň 26-njy fewralyna çenli, degişli saýlaw toparlarynda dalaşgärleri bellige almak bolsa şu ýylyň 3-nji martyna çenli dowam eder.

Bu meýilnamalaýyn çäreler bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny düzýän – kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepilliklerini demokratik şertlerde üpjün edýär.

Maksatmyrat, mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek pasly bahar saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda edilen işler barada aýdaýsaňyz.

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar saýlaw okruglarynyň 363-sinde geçiriler.

Has anygy: Aşgabat şäherinde 4 saýlaw okrugynda, Ahal welaýatynda 66 saýlaw okrugynda, Balkan welaýatynda 11 saýlaw okrugynda,  Daşoguz welaýatynda  97 saýlaw okrugynda,  Lebap welaýatynda 99 saýlaw okrugynda, Mary welaýatynda  bolsa 86 saýlaw okrugynda geçiriler.

Şol saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermegi geçirmek we ses bermegiň netijelerini jemlemek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 578-si hereket eder, şol sanda Aşgabat şäherinde 20-si, Ahal welaýatynda 77-si, Balkan welaýatynda 12-si, Daşoguz welaýatynda 163-si, Lebap welaýatynda 181-si, Mary welaýatynda bolsa 125-si hereket eder. Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen saýlawlara azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär.

Döredilen saýlaw okruglarynyň we saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri we araçäkleri kesgitlenip, bu baradaky maglumatlar merkezi we ýerli gazetlerde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň (saylav.gov.tm) saýtynda hem ýerleşdirildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda mart aýynyň soňky ýekşenbesinde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan etrap, şäher saýlaw toparlary üçin, uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmalar we syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma taýýarlanyldy.  Şeýle-de, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak işleri hem işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Bilşimiz ýaly, saýlawlar jemgyýetiň synçy nazarynda bolýar. Gürrüňdeşligimiziň dowamynda demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlarda syn etmegiň ähmiýeti we maksady barada hem aýdaýsaňyz?

— Mälim bolşy ýaly, saýlaw işiniň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär. Aslynda-ha, saýlawlar giň jemgyýetçiligiň synçy nazarynda geçirilýär.

Häzirkizaman dünýäsinde saýlawlaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde hem saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ykrar edildi.

Elbetde, saýlawlara ýerli derejede syn etmekligiň özi gönüden-göni adam hukuklarynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine hem-de saýlaw işleriniň milli kanunçylyklara, halkara kadalaryna laýyklykda we açyklykda, aýanlykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, ýerli synçylar toparlary tarapyndan saýlawlaryň geçirilişine syn etmeklik işleri käbir kanunçylyk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, haýsydyr bir saýlawlarda ýol berlen käbir düzgün bozulmalaryň indiki saýlawlarda gaýtalanmazlygy we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlaryň adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine bolan ynamyny artdyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişli bolup durýar.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçylary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary bellige alýar. Häzirki wagta çenli milli synçylaryň jemi 624-si bellige alyndy. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berildi. Şahsyýetnama saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşynda synçynyň işiniň ýerine ýetirilmegi üçin esas bolup durýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar hem eziz diýarymyzda halk häkimiýetlilik kadalaryna daýanýan demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyna öwrüler.

Ýurdumyzda milli demokratiýanyň sazlaşykly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

— Maksatmyrat, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Milli demokratiýamyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boljak saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.

Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Hekimberdi Öwezow.
24.02.2026