l
Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüş hem rowaçlyk ýoluny uly ynam bilen dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik binýatlarynyň berkidilip, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň kämilleşýändigini äşgär edýär. Türkmenistanda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda we döwrebap milli kanunlarymyza hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzda saýlawlary kanuna laýyklykda, saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmekligiň bellenilen ýörelgeleri esasynda geçirmekde milli synçylaryň işiniň ähmiýeti uludyr. Dogrusy, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goralmagyna milli synçylaryň uly ýardam berýändiklerini aýratyn bellemek gerek.
Aslynda, synçy kim? Synçy saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça amala aşyrylýan işlere syn etmäge ygtyýarly adamdyr.
Elbetde, saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň, şeýle-de dalaşgärleriň bellän milli synçylarynyň möhüm orny bardyr. Olaryň saýlawlardaky işjeňligi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm demokratik ädimleriniň biridir. Munuň özi döwlet gurluşyny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir. Ýagny, synçylar saýlawlarda demokratiýanyň ör-boýuna galmagyny gazanyp, ähli milli kanunlarymyzyň we halkara kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini we saýlawlardaky aýanlygy, aç-açanlygy berk gözegçilige alýarlar we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyzda saýlawlara milli synçylarymyz bilen bir hatarda halkara synçylar hem işjeň gatnaşýarlar. Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Saýlawlara halkara we ýerli derejede syn etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar hem-de bu şertler ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynda hem bellenilendir.
Häzirkizaman şertlerinde, saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygynyň ykrar edilmegi has-da goldanylýar. Milli synçylaryň işi saýlaw möwsüminde ýüze çykyp biläýjek düzgün bozulmalaryň öňüni almakda ýa-da olary düzetmekde, saýlaw möwsüminiň adalatly alnyp barylýandygyna ynamy berkitmekde, raýatlaryň işjeňligini ösdürmekde özüniň oňyn netijesini berýär.
Aslynda-ha, saýlaw işiniň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär.
Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri bardyr.
Uzak möhletleýin syn etmek – saýlaw möwsümi başlanandan tä saýlawlaryň jemlerini yglan etmek döwrüni öz içine alýar.
Gysga möhletleýin syn etmek – ses bermegiň barşyny we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn etmek döwrüni öz içine alýar.
Synçylar toparlarynyň agzalary milli habar beriş serişdeleriniň saýlaw möwsüminiň dowamyndaky işlerine we saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça edilýän işlere, saýlawlaryň kanunçylyk esaslarynyň, saýlaw toparlarynyň saýlawlary guramaçylykly geçirmekde alyp barýan işleriniň, saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişiniň, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň, saýlawlarda ses berilişiniň, saýlawçylaryň sesleriniň sanalyşynyň dogry we kanunalaýyk amala aşyrylyşyna syn edýärler.
Milli synçylary bellemegiň we bellige almagyň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw we teklipçi toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.
Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir. Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda amala aşyrýarlar. Milli synçy bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy gatnaşsa ol ygtyýarlydyr. Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilerler.
Milli synçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, ählihalk sala salşygynda – Merkezi saýlaw toparynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda – degişli welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynda, ýerli sala salşygynda bolsa – degişli etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparynda bellige alynýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.
Daşary ýurt (halkara) synçylary saýlawlaryň, sala salşygyň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylyp bilner.
Daşary ýurt (halkara) synçylaryny resmi taýdan bellige almak, çakylyk haty bar bolan halatynda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary daşary ýurt (halkara) synçysyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnamany berýär.
Olaryň işi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt (halkara) synçysyna zerur bolan ýardamy berýärler. Daşary ýurt (halkara) synçysy öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýar.
Synçylaryň saýlawlaryň we sala salşyklaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmäge hukuklary ýokdur. Saýlaw Kodeksiniň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň synçy, dalaşgärleriň ynanylan adamlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili tarapyndan bozulan halatynda, degişli saýlaw topary onuň resmi taýdan bellige alynmagyny ýatyryp biler.
Synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.
Synçylary bellemegiň we bellige almagyň tertibini Merkezi saýlaw topary belleýär.
Umuman, ýurdumyzda saýlaw ulgamynda amala aşyrylýan işler ýurt baştutanlarymyzyň goldamagynda gün-günden kämilleşýär. Saýlaw ulgamynda il bähbitli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.
24.03.2026
