Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş eden hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny, tutuş dünýäde abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, çuňlaşdyrmaga gönükdirilen uly ähmiýetli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.
Ýer ýüzüniň birnäçe sebitlerinde ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylykly zolaklaryň giňelýändigini, ählumumy ösüşiň ýollaryna hem-de geljegine bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň peselýändigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň parahatçylyk we abadançylyk ýyly diýlip yglan edilmegini teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu teklibi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe boldy.
Türkmen lideriniň öňe süren bu başlangyjy dünýäde dartgynlylygyň peseldilmegine, jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine, bu babatda jogapkärçilikli çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.
Goja Zeminde ýaşaýan 8 milliarda golaý ynsanyň 826 millionynyň açlykdan, 968 millionynyň arassa agyz suwunyň ýetmezçiliginden ejir çekmegi, 2 milliard 400 millionynyň başlangyç saglyk hyzmatlaryndan, dörtden bir böleginiň ýönekeý aragatnaşyk hyzmatlaryndan, 854 millionynyň okamak-ýazmak bagtyndan mahrumdygy, ýylda üç millionynyň bolsa, atmosferanyň hapalanmagyndan döreýän keseller zerarly aradan çykýandygy baradaky meseleleriň gutarnykly çözülmegini gazanmak üçin BMG tarapyndan uly tagallalar edilýän häzirki döwürde, milli liderimiz şu günki dünýäniň köp gyraňlydygyny, köp öwüşginlidigini, şol bir wagtyň özünde-de bitewidigini nygtamak bilen, bu ýagdaýy «bähbitleriň köp dürlüligi — maksatlaryň bitewüligi» diýip häsiýetlendirdi.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň işlenilip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşandygy hem-de birnäçe anyk teklipleri girizendigi, Ählumumy gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň milli meýilnamalarynyň we durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine biziň ýurdumyzda eýýäm ykjam girişilendigi aýratyn nygtalýar.
Türkmeniň milli lideri tarapyndan dünýäniň iň belent münberinden ýaňlanan umumyadamzat bähbitli, pähim-paýhasa ýugrulan bu teklipler biziň ýurdumyzyň Zemin içre abraýynyň barha artýandygynyň ynamly subutnamasy bolup ýaňlandy.
Merkezi saýlaw topary.