CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

ÝURDUMYZDAKY SYÝASY PARTIÝALAR WE JEBIS TÜRKMEN JEMGYÝETI

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilenden soň, ýurdumyzda raýatlarymyzyň syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy, olaryň jemgyýetimizde bolup geçýän düýpli ykdysady we syýasy özgerişliklere guramaçylykly gatnaşmaklary üpjün edildi.

Bu syýasy partiýalar we olaryň welaýat hem-de Aşgabat şäher komitetleri Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna mynasyp dalaşgärleri hödürlemekde, şeýle-de şol syýasy-jemgyýetçilik çärelerine milli synçylary bellemekde, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Ýurdumyzyň syýasy partiýalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Biz ýurdumyzda hereket edýän partiýalar tarapyndan alnyp barylýan möhüm işler barada gürrüň bermeklerini sorap, şol syýasy partiýalaryň jogapkär wekillerine ýüz tutdyk.

Şonda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy Ahmet NEPESOW şulary gürrüň berdi:

 

— Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň esaslandyrylan ilkinji döwürlerinden başlap, işjeň hereket edip gelýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi we ol Garaşsyzlyk eýýamynyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamynyň milli ýörelgelerini kemala getirmekde möhüm orun eýeledi. Garaşsyz Diýarymyzyň öňünde duran taryhy wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly her bir döwlet derejeli çäreleri diňe bir goldamak bilen çäklenmän, Demokratik partiýa milli ösüşiň syýasy, hukuk, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer ugurly maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýakyndan gatnaşýan gurama hökmünde çykyş edip gelýär.

Demokratik partiýamyzyň jemgyýetdäki täsiri, şeýle hem onuň hatarlary ýyl-ýyldan artýar, her ýylda partiýamyzyň hatarlaryna täze agzalaryň müňlerçesi goşulýar. Demokratik partiýanyň düzümi barada aýdylanda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap, şäher komitetleri ýerlerde işjeň hereket edýär. Partiýa agzalarynyň hatarynda gullukçylaryň, zenanlaryň, işçileriň, daýhanlaryň we beýleki hünärdäki adamlaryň, ýagny jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň bolmagy we olaryň ýurdumyzda demokratiýany pugtalandyrmak, şeýle hem ýurduň saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek işlerine düşünjeli we giňden gatnaşýandygyny belläp geçmek buýsançlydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna laýyklykda alyp barýar. Partiýanyň döwletimiziň amala aşyrýan ösüş tapgyrlary esasynda yzygiderli kämilleşdirilýän Tertipnamasynda we Maksatnamasynda raýatlarymyzyň hukuklarynyň üpjün edilmegi baradaky anyk wezipeler göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maksatlary we wezipeleri, esasan, jemgyýetçilik pikirini emele getirmekden, raýatlaryň syýasy düşünjelerini kämilleşdirmekden we olary syýasy taýdan terbiýelemekden, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli meseleleri boýunça raýatlaryň pikirini aňlatmakdan, ony jemgyýetçilik, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýetirmekden, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmakdan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemekden hem-de beýleki möhüm wezipelerden ybaratdyr.

Biziň milli demokratik ýörelgelerimiz halkymyzyň däp-dessurlaryny, durmuş kadalaryny, jemgyýetçilik, ruhy-ahlak düzgünlerini göz öňünde tutýar. Demokratiýanyň maksatlary ilki bilen, döwletiň we jemgyýetiň esaslaryny berkitmekden, jemgyýetçilik durnuklylygyny gazanmakdan, durmuş-ykdysady ösüşleri syýasy-hukuk taýdan üpjün etmekden hem-de milli ösüşiň ähli jähetlerini ýola goýmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Ýurdy dolandyrmagyň binýatlaýyn esasy bolan syýasy ulgamlary esaslandyrmagyň iň täsirli guraly hökmünde demokratik hereketiň möhüm wezipesiniň Prezident saýlawlaryndan başlap, ähli derejede geçirilýän saýlawlary, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny we olary guramak, geçirmek, olara gözegçiligi amala aşyrmak ýaly wajyp işler bilen baglydygy bellidir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýeterlik tejribe toplandygyny we saýlawlary, sala salşyklary geçirmegiň ýurdumyzyň ösüş aýratynlyklaryna, halkyň ruhy-ahlak, durmuş ýörelgelerine laýyklykda milli nusgasyny kemala getirmekde görnükli orun eýeläp gelýändigini ýola goýlan işler aýan edýär. Partiýa guramalary we işjeň agzalarymyz ýurduň saýlaw ulgamy bilen işjeň hyzmatdaşlykda degişli kanunlar esasynda dürli derejedäki saýlawlary geçirmegiň guramaçylyk, wagyz-nesihat, saýlawçylaryň işjeňligini gazanmak, syýasy-düşündiriş işlerini alyp barmak ýaly möhüm işlerine uly jogapkärçilik bilen gatnaşýarlar. Saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar hökmünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarynyň alyp barýan işleri jemgyýetde syýasy işjeňligiň ýokarlandyrylmagyna, saýlawlaryň giň demokratik esaslarda  aç-açan we aýanlykda geçirilmegine, saýlawçylaryň demokratik hukuklarynyň doly berjaý edilmegini gazanmaklyga gönükdirilendir.

Jemgyýetimizde köppartiýaly syýasy ulgamyň döremegi, kämilleşmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy demokratik gymmatlyklary goldamak, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek, jemgyýetde syýasy durnuklylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, sazlaşygyň gazanylmagy ugrundaky umumymilli tagallalara içgin goşulmak arkaly öňdebaryjy syýasy güýç hökmünde çykyş etmäge çalyşýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwletimiziň ösüş syýasatyny halkyň arasynda wagyz etmekde, syýasy, ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna, kanunçykaryjylyk, hukuk üpjünçilik işine gatnaşmakda, jemgyýetçilik bilen häkimiýetiň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde özüniň täsirli ornuny has pugtalandyrýar.

Öz işini yzygiderli ösdürýän, täzeçil garaýyşlary goldanmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýynyň, şan-şöhratynyň Zemin içre ýaýramagyna uly goşant goşmak ugrunda hemişe döredijilikli gözlegler bilen öňe hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geljek üçin maksatlary Watanymyzyň beýik ösüş ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

 

 

 

* * *

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň jogapkär işgäri,
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen
milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy Merdan ORAZMYRADOW bolsa,
partiýanyň Merkezi geňeşiniň durmuşa geçirýän işleri barada edilen söhbetdeşlikde bize şulary gürrüň berdi:

 

 

— Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe döwlet tarapyndan telekeçiligi goldamak, ösdürmek hem-de ony höweslendirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasynda  “Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyr” diýlip ykrar edilýär.

Baş kanunymyzda ykrar edilen bu kadalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda “Syýasy partiýalar hakynda” kanun kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda, raýatlarymyzyň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetde bolup geçýän ykdysady we syýasy özgerişliklere giňden çekmek barada döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylýandygynyň şaýatnamasydyr.

Döwletimiz tarapyndan  döredilen syýasy mümkinçilikleriň netijesinde 2012-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bazar-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde, ägirt uly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň höweslendirilmegi, iş ýerleriniň döredilmegi, raýatlaryň döredijilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ugrunda öz işini alyp barmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyny, ilatyň durmuş ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini, senagatçylygyň we telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegini, olaryň hukuklarynyň goralmagyny esasy maksat edinip goýýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi we Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýat, Aşgabat şäher partiýa komitetleri Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek, şeýle-de  milli synçylary bellemek işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, şäher komitetleri özleriniň mynasyp agzalaryny hödürleýärler. Şeýle hem olar öz bellän milli synçylary bilen okuw maslahatlaryny gurnaýarlar hem-de düşündiriş işlerini geçirýärler.

Türkmenistanda geçirilýän demokratik saýlawlar esasynda saýlanylan Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň bolmagy, asuda, parahat ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň has-da dabaralanýandygyny äşgär edýär.

Munuň özi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy, saýlawlaryň asudalyk, agzybirlik ýagdaýlarynda geçmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň watansöýüjilik duýgularynyň, diýarymyzyň syýasy taýdan durnuklylygynyň, şeýle hem ýurdumyzda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň demokratik ýörelgeleriniň amala aşyrylýandygynyň dabaralanmasydyr.

 

 

 

 

* * *

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen
milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy Akmämmet AKMÄMMEDOW bolsa,
partiýada alnyp barylýan işleri şeýle teswirledi:

 

—Türkmenistan döwletimiz demokratik ösüşler, özgerişler ýolunda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar.

Il-ýurt bähbitli, öňdengörüjilikli, adyl syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan raýatlarymyzyň topary öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, agrar ulgamynda öňe sürülýän syýasy başlangyçlary, amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komiteti 2014-nji ýylyň iýul aýynda döredildi we bu ugurda degişli işler alnyp baryldy.

2014-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek barada 1-nji dörediji gurultaý çagyryldy. Gurultaýyň wekilleri bäş welaýatdan we Aşgabat şäherinden bolup, partiýany döretmek baradaky karar, şeýle hem partiýanyň tertipnamasy we maksatnamasy kabul edildi. Häzirki wagtda partiýa agzalarynyň sany müňlerçe bolup, partiýanyň hatary yzygiderli artýar. Ýurt boýunça 5 welaýat, 30 sany etrap we 2 sany şäher komitetleri hereket edýär. Ýurduň agrar ulgamynda hereket edýän bu syýasy partiýa ýerlerde amala aşyrylýan oba maksatnamasynyň üstünlikli dowam etdirilmegine, önümçiligiň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda aýratyn wajyp häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň esasy ileri tutulýan we gaýragoýulmasyz wezipeleri obanyň syýasy we ykdysady ugurlaryny, şeýle hem durmuş syýasatyny ösdürmeklige gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurtda demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlara hem işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek, milli synçylary bellemek, saýlaw toparlarynyň düzümlerine wekilleri hödürlemek, hödürlenilýän dalaşgärlere ynamdar wekil bolmak bilen bir hatarda, saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz-nesihat işlerini hem alyp barmagy ýola goýýar. Şeýle hem daşary ýurt synçylary we birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär. Munuň özi ýurtda demokratiýanyň ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, syýasy partiýalaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul edýän dürli ugurlardaky kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işlerine hem Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işjeň agzalary gatnaşýarlar. Oba hojalygynyň önümçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde we daýhan birleşikleriniň önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmakda öňde durýan meseleleri çözmegiň we olary durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary bilen bagly maslahatlar geçirilýär. Bu baradaky teklipler Türkmenistanyň Mejlisine ugradylýar we oba hojalyk ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň döwrebap ýagdaýda kämilleşmegine uly itergi berýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň alyp barýan işleri halkyň jebisligini, agzybirligini, asudalygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Şeýle hem oba hojalygyny ösdürmek we oba ilatynyň ýaşaýyş durmuşyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan adyl we parasatly syýasaty durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünarmeni,
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy Maksatmyrat GELDIÝEW.