CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWLARDA ULANYLÝAN ADALGALARA DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜK

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda ýurdumyzda dürli görnüşli saýlawlaryň üçüsi — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan ençeme işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň orunbasary A.Ussaýew tarapyndan taýýarlanylan «Saýlawlarda ulanylýan adalgalara düşündirişli sözlük» atly kitapça hem raýatlarymyzyň saýlaw hukuklary baradaky düşünjeleriniň has-da baýlaşmagyna, saýlawlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegine özboluşly ýardam etjek  neşirleriň  biridir. Şeýle hem sözlük saýlawlara taýýarlyk görmekde, esasan  hem  ýaş saýlawçylaryň saýlawlar baradaky gözýetimini giňeltmekde gymmatly neşir bolup hyzmat eder.

Saýlaw kanunçylygynda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlüginde her bir adalganyň asyl mazmunyna giň, çuň, hemmetaraplaýyn düşündiriş berilýär. Mundan başga-da, bu sözlükde halkara kadalarynda ulanylýan döwlet gurluşyna degişli adalgalar giňden düşündirilýär.

Bu sözlügiň doly mazmuny bilen siz  Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň internet saýtynyň, ýagny  şu saýtyň “Kitaphana” bölüminiň sahypalary arkaly has içgin tanşyp bilersiňiz.