CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

DEMOKRATIK SAÝLAWLARYŇ GURAMAÇYLYK IŞLERI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň  işiniň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede  guralmagyna aýratyn üns berýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işine ýakyndan ýardam edilmegi netijesinde, Türkmenistanda saýlawlar milli demokratiýamyz esasynda we halkara ölçeglerine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň kabul edilmegi hem-de onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa, türkmen  jemgyýetiniň ösüşiň täze tapgyrlaryna gadam  basmagyna  oňyn mümkinçilikler, zerur  şertler  döredýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 16-njy fewralyndaky kararyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasy döredilenden soň, ýurdumyzda  geçirilýän  saýlawlaryň kämillik derejesi has-da artdy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 31-nji maddasynda «Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, maglumat üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar» diýlip bellenilmegi  bolsa, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine  özboluşly  binýatlyk  esas  bolup  hyzmat  etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlikden ugur alýan demokratik syýasaty esasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän saýlawlary guramaçylykly geçirmek babatynda oňyn tejribeler toplanyldy.

Saýlawlaryň guramaçylyk işleri, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň  ulgamyna girýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde saýlawlar bilen bagly ýerine ýetirilmeli işleriň möhletleri anyk bellenilýär. Şol möhletleriň kanunalaýyk berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen bolsa, Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, meýilnamada saýlaw möwsüminde alnyp barylmaly tapgyrlaýyn işler, olaryň geçirilmeli möhletleri, şol işler boýunça ýerine ýetirijiler we jogapkärler bellenilýär. 

Saýlawlaryň guramaçylyk işlerine Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen degişli saýlawlaryň geçiriljek senesi bellenilenden soň girişilip başlanylýar. Mejlisiň kabul eden karary esasynda Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde karar kabul edýär we saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär. Şondan soň saýlaw möwsüminiň guramaçylyk işleri doly derejede başlanýar.

Saýlaw möwsümi:

– milli synçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige almak;

– saýlaw okruglaryny we saýlaw uçastoklaryny döretmek;

– saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek we saýlaw toparlaryny döretmek;

– saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek;

– saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak;

– saýlawçylaryň sanawyny düzmek;

– dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak;

– dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak;

– saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek;

– saýlaw býulletenlerini çap etmek;

– ses bermegi guramak we geçirmek;

– sesleri sanamak we saýlawlaryň jemlerini yglan etmek – ýaly çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary şu işleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, saýlawlara taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, saýlaw toparlarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle  hem Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň birmeňzeş ulanylmagyny üpjün edýär, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlary kabul edýär, saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri boýunça düşündirişleri berýär, gollanmalar çykarýar hem-de okuw maslahatlaryny geçirýär, saýlaw toparlarynyň jaýlar, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini, hukuk, usulyýet we maglumatlar üpjünçiligini guraýar, saýlaw toparlarynyň zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilişine gözegçilik edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar

Ýurdumyzda saýlawlary – syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar taýýarlanylýar, olaryň birnäçesi iki dilde - türkmen, rus dillerinde, birnäçesi bolsa üç dilde - türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilýär. Bu neşir işleri bilen ähli derejedäki saýlaw toparlary we beýleki degişli taraplar üpjün edilýär.

Saýlaw toparlarynyň agzalaryna, milli we halkara synçylaryna gowşurylýan şahsyýetnamalar, saýlaw býulletenleri, saýlaw resminamalary we beýleki zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde – Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan taýýarlanylyp, üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyň guramagynda saýlaw toparlarynyň agzalary hem-de milli synçylar bilen ýerlerde okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň wezipeleri we ygtyýarlyklary, saýlawlar bilen baglanyşykly resminamalary doldurmagyň düzgünleri giňişleýin düşündirilýär.

Ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşli wideorolikler hem taýýarlanylýar we olar teleradioýaýlymlar arkaly halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

Teleradioýaýlymlarda saýlawlar boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, gepleşikler guralýar. Gazetdir-žurnallarda dürli janrdaky makalalar çap edilýär. 

Ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynyň (saylav.gov.tm) döredilmegi hem saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam berýär. Saýlaw işlerine gatnaşyjy islendik adam internet ulgamynda ýerleşdirilen şol saýt arkaly saýlawlar hakyndaky kanunçylyklar, gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar we beýleki habar maglumatlary bilen tanşyp bilýär.

Ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlara şeýle derejede taýýarlyk  görülmegi saýlawlaryň çuň demokratik esaslarda geçiriljekdiginiň  nyşany bolup ýaňlanýar.

Amangeldi Annadurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň
Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.