CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SYÝASY PARTIÝALAR, JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY, RAÝATLARYŇ TOPARLARY MILLI SYNÇYLARY BELLEÝÄRLER

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirmeklik bellenildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan 2018-nji ýylyň 4-nji dekabryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň demokratik esaslarda, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we olaryň kanuna laýyklykda geçirilişine syn etmek üçin häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň toparlary özleriň milli synçylaryny bellemek işlerine girişdiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän saýlawlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan milli demokratiýamyzdan ugur alyp, saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenilen ýörelgeleri hasaplanylýan ählumumy saýlaw hukugy, deň saýlaw hukugy, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi we saýlawlaryň erkinligi esasynda, saýlawlaryň demokratik esaslarda geçirilmeginde we raýat hukuklarynyň goralmagynda milli synçylaryň alyp barjak işiniň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin hem bu işde has işjeň, guramaçy, sowatly raýatlaryň milli synçy bolup bilmeklerine aýratyn üns berilýär. Milli synçylaryň hataryna dürli kärde işleýän ussat hünärmenler, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, şeýle hem ýurdumyzda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri bellenilýär. Milli synçylyga bellenilýän saýlaw hukukly raýatlaryň düzüminde gender deňligine hem aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda orta, ýörite orta, ýokary bilimli raýatlarymyzyň bardygyny bellemek gerek.

Milli synçylar Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alynýarlar we olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

Milli synçylaryň işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyny üpjün etmek geçirilýän saýlawlaryň kanuna laýyklykda amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Şol sebäpli-de, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzalary tutuş ýurdumyz boýunça bellige alnan milli synçylaryň işini utgaşdyrýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Maksatmyrat GELDIÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.