CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

ÜÇÜNJI MÜŇÝYLLYGYŇ ON SEKIZINJI ÝYLY

Mawy Zeminiň gülläp ösýän döwletleriniň sanawyna ymykly goşulan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary üçünji müňýyllygyň on sekizinji ýylyna ruhubelentlik bilen gadam basýar. Köňülleri şatlykdan, belent başlary buýsançdan doly türkmen halky öz milli Lideriniň daşyna öňküden-de mäkäm jebisleşip, täze ýyly uly ynam bilen garşylaýar. Mukaddes ata Watan üçin, türkmen raýatlary üçin dünýä ýaň salýan ägirt uly, tutumly, düýpli işleri bitiren, Türkmenistanyň iki gezek Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt taryhynda öçmejek yz galdyran beýik hyzmatlary bilen dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan Türkmenistan döwletimize täze — 2018-nji ýylda hem il-ýurda şöhrat getirjek derejeli işler garaşýar. Syýasy işjeňligi täze hil-häsiýete eýe bolan, sowat-hünär derejesi ýokary göterilen türkmen halky şol beýik işlere bilini berk guşap girişýär. Hut şonuň üçin hem ruhubelentleriň tarapynda bolan ýeňişler, ösüşler bize 2018-nji ýylda hem ýar bolar! Ýurdumyzda ösüşleri üpjün edýän kämil ykdysady usullary durmuşa ornaşdyran, halk hakydasyny tirsegine galdyran, bagtyýar geljegiň ýoluna şugla saçan mähriban Arkadagymyzyň ýagty ýoly bilen ýöräp, has bagtyýar zamana sary rowan bolýarys!

Asyryň, hatda müňýyllygyň çalşygynyň şaýady bolan bagtyýar hem merdana döwürdeşler öňdengörüji nazarkerde ynsan bolan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda 2018-nji ýylda ösüşleriň kuýaşly belentliklerine galmagyň arzuwynda  ýaşaýarlar. «Yhlasa — myrat!» diýlen atalar sözüne ygrarly türkmen halkynyň täze ýylda —«Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda-da ýurt taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak işleri bitirjekdigine biz tüýs ýürekden ynanýarys.

Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar döwranlara eýe bolan gadyr biliji raýatlaryň, hemaýatly iliň, halal ýaşaýan zähmetsöýer, merdana halkyň, sazlaşykly jemgyýetde ýaşaýan, bir başa bakýan gül häsiýetli agzybir, pespäl milletiň, rysgal-bereketiň mekanyna öwrülen ýaýlalaryň, zawodlardyr fabrikleriň, nygmatlar suprasyny ýatladýan ak bazarlaryň, ynsanyýete guýy kimin çuň akyl-paýhaslary bagyş eýlän, şeýle hem jahan mülküniň jemlenen ýeri saýylýan Türkmenistan Diýarymyzyň at-owazasy 2018-de-de yklymlar aşar.

2018-nji ýylda hem gadam-ümzügiň öňe, diňe öňe bolsun, jan Watanymyz Türkmenistan!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

MERKEZI SAÝLAW TOPARY.