CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

DÖWLETLI GEŇEŞE BARÝARYS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz pederleriň şöhratly wesýetlerine eýerip, ýurdumyzy täze Galkynyşyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Bagtyýar, eşretli, abadan hem asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan, gurýan, döredýän türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ösüşleriň şaýady bolup, toý-baýramlaryny uludan tutýar. Şu günler halkymyz özüniň baş baýramyna – Garaşsyzlyk gününe giňden taýýarlyk görüp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreler eziz diýarymyzyň çar künjeginde bagtyýar durmuşymyzyň aýdyň nyşany hökmünde uly dabaralara beslenýär.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda dünýä ýaň salýan taryhy wakalara şaýat bolmagyň özi bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşandyr. Şeýle wakalaryň biri hem eziz Diýarymyzda her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisidir.  

 Bu asylly däp «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda hem dowam etdirilip, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» Türkmenistanyň Halk Masla­hatynyň mejlisi geçiriler. Mejlis dürli kärdäki, hünär­däki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän we­killeriň gatnaşmagynda geçiriler we onda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji iýulynda Ministrler Kabi­netiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şonda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek baradaky berýän tabşyryklary ata-ba­balarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşanydyr. Bu mö­hüm, taryhy mejlis ýurdumyzyň Prezidenti bilen il-ulsumyzyň wekilleri­niň bir ýere jemlenip, türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan halkylyk ýörelgesini özünde jemleýän döwletlilikden nyşandyr. Bu mejlisi geçirmek bilen, halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini gora­makda we bütin jemgyýetde ösüşi üpjün etmekde türkmen döwleti özüniň esasy maksadyny beýan edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi – döwletli işleriň gözbaşy, döwletliligiň aýdyň ýoly. Şu döwletli mejlisde kabul ediljek çözgütler hem il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berer.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň asylly däpleriniň biri hem öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleridir. Aslynda, demokratik ýörelgelere esaslanýan ata-babalarymyz hem halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işiň halk bilen maslahatlaşylyp, geňeşilip çözülmeginiň tarapdary bolupdyrlar. Häzirki döwürde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» diýlen ýaly pähimler bar. «Görogly» şadessanynyň baş gahrymanynyň atasy Jygalybeg hem öz agtygy Görogla beren maslahatynda şeýle diýýär:

Ýaşulular geňeş etse,
Ýagşy-ýamana göz ýetse,
Il-halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma!

Elbetde, ge­ňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes pugta ornaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr».

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kesgitlenjek wezipeler örän ähmiýetlidir. Şeýle-de, mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine syn berler we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna serediler.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary­nyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak   babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-yk­dysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demok­ratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu taryhy mejlisiň ägirt uly ähmiýeti bolar.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.