CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

ÝAŞULY NESIL-PAÝHAS MEKDEBI

Türkmen halkynyň  pähim-parasat mekdebiniň dowamaty bolan ýüzleri nurana, sylagly ýaşulularymyz biziň her bir mukaddes maşgala ojagymyzyň, döwletimiziň, durmuşymyzyň ýaraşygydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyz milli däp-dessurlaryna, ýörelgelerine uly sarpa goýlup, dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini milli senenamamyz boýunça her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenmegi hem äşgär edýär. Halkymyz bu senäni durmuş mekdebiniň dana mugallymlary bolan ýaşululara goýulýan mynasyp hormat-sylagyň, söýgi-sarpanyň, pähim-paýhaslylygyň baýramy hökmünde buýsanç we ruhubelentlik bilen belläp geçýär.

Bu baýram barada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşulularyň halkara güni biziň düýnümizi, şu günümizi hem-de geljegimizi, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan baýramdyr» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýändigini hem ýakymly duýgular bilen aýtmak gerek.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly nesle jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, halkara derejesinde her ýyl bellenilip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda hem mynasyp orun eýeleýär.

Dana ýaşulynyň paýhasy gymmatly hazynadyr, her öýüň söýegidir. Biziň gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň paýhas eleginden geçen öwüt-nesihatlary, maslahatlary durmuş akabamyzyň has akgynly bolmagyna itergi berýär. Ata-babalarymyzyň «Garryly öý — gaznaly öý», «Garry — öýüň sütüni», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly çuňňur manyly jümlelerinden ugur alyp, ata Watanymyzda ýaşuly nesillerimiziň sarpasy belent tutulyp, olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly adamlaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri häli-şindi ýaş nesillere ýetirilip durulýar. Bu bolsa, ýaşlaryň  watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.

Türkmen halkymyz bu  pähimleri döretmek bilen, goja paýhasyny terbiýe mekdebi hasaplaýar. Nesillere terbiýe berende bolsa peder pendini ýörelge edinýär. Türkmeniň bu milli däbiniň kökleriniň gadymyýete uzaýandygyny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Ne ajap döwranlar süren,
Ýagşy-ýaman baryn gören,
Biziň bilen hemra ýören,
Aksakgallar, bak, danadyr – diýen setirleri-de tassyklaýar.

Ýaşuly nesil paýhas çeşmesidir. Biziň meşhur aýdymlarymyzyň birinde «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek!» diýlip, ýöne ýere nygtalmaýar. Döwleti dolandyrmakda we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde hem ýaşululara sala salmak, olar bilen geňeşmek indi asylly däbe öwrüldi. Milletimiziň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän ýaşulular bilen geňeşmek däbi ýurt derejesinde hem dowam etdirilýär. Ýurduň, halkyň ykbaly bilen bagly mesele ýüze çykanda ýa-da  han saýlananda geçirilýän maslahatlara kethudalar, il içinde sylagly ýaşulular gatnaşypdyrlar.

Türkmen halky ýaşulularyň paýhasly maslahatyna elmydama hem hormat goýupdyr. Biz döwlet derejesindäki çärelere, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, bugdaý oragy, pagta ýygymy, ekiş ýaly, il-günüň rysgal-berekedi bilen bagly wajyp işlere, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.

Ata Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky alyp barýan syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurduň özygtyýarlylygyny, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çeken döredijilikli zähmeti hem-de nusgalyk işleri üçin ýaşuly nesliň wekillerine — dana gojalarymyza Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly at dakylýar. Ýaşulular bolsa pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýarlar.

Halkymyza eşretli günleri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky tutumly işleri uly üstünliklere beslensin!

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilýän toý-baýramlaryňyz gutly-mübärek bolsun, mähriban watandaşlar!

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.