CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA GEÇIRILEN DEMOKRATIK SAÝLAWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan bu gün milli demokratik ýörelgeleri  çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan öňe ynamly gadam urýar. Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty has-da belende göterilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy, halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi.

Elbetde, demokratik döwletimizdäki halk bilen döwletiň jebisligi bolsa, ähli ösüşleriň baş badalgasydyr. Ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän saýlawlar hem jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr. Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesi bolup, at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr. Munuň şeýledigine, ýurdumyzda demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda, agzybirlikde, asudalykda we guramaçylykly geçirilýän ählihalk saýlawlary hem şaýatlyk edýär. 

Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata–babalarymyzdan miras galan kämil tejribeler esasynda kemala gelen, milli ýol-ýörelgelere esaslanýan saýlaw ulgamy hem kämilleşip, saýlawlary geçirmek boýunça baý iş tejribesi toplanyldy. Saýlawlara sanly ulgamy ornaşdyrmak we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek babatynda hem oňyn netijeler gazanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhy ýoluna ser salanymyzda, dürli görnüşli ählihalk saýlawlarynyň we sala salşyklaryň 32-siniň, şeýle hem ýurdumyzda bir sany göni däl (gytaklaýyn) saýlawyň, şeýlelikde, saýlawlaryň jemi 33-siniň geçirilendigini görmek bolýar.

Has takygy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemi 5-si geçirildi:

1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda;

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda;

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda;

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda,

2022-nji ýylyň 12-nji martynda.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň jemi 7 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

1994-nji ýylyň 11-nji dekabrynda;

1999-njy ýylyň 12-nji dekabrynda;

2004-nji ýylyň 19-njy dekabrynda;

2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda;

2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 5 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

2006-njy ýylyň 3-nji dekabrynda;

2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda;

2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Geňeşleriň agzalarynyň jemi 9 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

1993-nji ýylyň 27-nji iýunynda;

1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;

2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde;

2006-njy ýylyň 23-nji iýulynda;

2009-njy ýylyň 26-njy iýulynda;

2012-nji ýylyň 20-nji awgustynda;

2015-nji ýylyň 16-njy awgustynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ählihalk sala salşyklarynyň jemi 2-si geçirildi:

1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda;

1994-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda.

Halk wekilleriniň saýlawlarynyň hem 3-si geçirildi:

1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda;

1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;

2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde.                                                               

Şeýle-de, ýurdumyzyň parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda göni däl (gytaklaýyn)  saýlaw hukugynyň esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Mundan başga-da, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň   Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. 2013-nji ýyla çenli ýurdumyzda dürli derejeli saýlawlaryň hersiniň öz aýratyn kanuny bardy, şeýle-de, sala salşyk hakynda, saýlaw hukugynyň kepillikleri hakynda, Merkezi saýlaw topary hakynda kanunlar hereket edýärdi.  

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi tassyklanyldy we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi.

Şeýlelikde, ýokarda bellenilip geçilen aýratyn kanunlaryň hemmesi birleşdirilip, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi döredildi. Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 92 maddadan we 17 bölümden ybaratdyr.

Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 10 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we oňa birnäçe üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň yzygiderli girizilmegi, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda, guramaçylykly geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny mynasyp dowam etdirip, ata Watanymyzda saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize – Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli, uly tutumly işleriniň  mundan  beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.