CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAW KANUNÇYLYGY DÖWRÜŇ TALABYNA LAÝYK KÄMILLEŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly, beýik başlangyçlarynyň dowamatyny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ähli ugurlar bilen birlikde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga hem uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.

Esasy Kanunymyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary-da döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de, saýlaw hukugynyň demokratik ýörelgelerini häzirkizaman ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip durulýar.

Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 92 maddadan we 17 bölümden ybarat bolup, 2013-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 10 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Has takygy:

2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda;

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda;

2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda;

2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda;

2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda;

2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda;

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda;

2021-nji ýylyň 13-nji martynda;

2023-nji ýylyň 16-njy martynda;

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda.  

Bu üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady eziz Diýarymyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmekden, dünýäde toplanan tejribäni nazara alyp, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny demokratik şertlerde berjaý etmekden we saýlawlaryň aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunçylyklarymyza hem-de halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Şeýle-de, şol üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň biziň syýasy ösüşimizde öz mynasyp beýanyny tapmagy ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Munuň özi häzirki türkmen jemgyýetinde raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artýandygyny, raýatlarymyzyň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändigini görkezýär.

Saýlawlar barada aýdylanda, häzirki wagtda «Saýlawçylaryň döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny hem bellemek isleýäris.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, aýanlykda we demokratik ýörelgeler, bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berip, erkin, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýan ruhubelent türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömüri uzak bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.