CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

RYSGAL-BEREKEDIŇ TOÝY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň gaý­rat­ly zäh­me­tine, türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­la äh­li­halk buý­san­jy­nyň ny­şa­ny bo­lan Ha­syl to­ýuny uludan bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Hasyl toýy il agzybirliginiň, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň baýramydyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen babadaýhanlarymyzyň, oba zähmetkeşleriniň topraga söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde, halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbi rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda uly üstünlikler gazanylýar.

Her ýyl ýurdumyzda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Hasyl toýy topraga yhlas edip, bereketli hasyly kemala getirýän edermen daýhanlaryň, maldarlaryň, pileçileriň, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşýan zähmetkeşleriň we ähli türkmen halkynyň baýramçylygydyr. Bu möhüm waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda  daýhanlaryň şu ýylky gazanan üstünliklerini aýdyň beýan edýän sergiler guralýar. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän bu toý ekerançylyk we pagta ýygymy möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanýar.

Güneşli ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, ak altynyň, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürildi.       

Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. Ömrüni daýhançylyga bagyşlan gallaçylar, pagtaçylar,  gök ekerançylar, maldarlar, oba hojalyk pudagynyň agzybir işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk bolçulygynyň binýadyny pugtalandyrýarlar. Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge türkmen işewürler düzümleri hem uly goşant goşýarlar. Türkmen güneşiniň çogy siňen, ekologik taýdan arassa, ynsan saglygy üçin peýdaly, dürli witaminlere baý, datly önümlere daşarky bazarda hem isleg uly. Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän işewürlere ýer bölekleri, karz serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar.

Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, ýer­li dok­ma kär­ha­na­la­ryny pag­ta­nyň, ýü­pe­giň, ýü­ňüň çig ma­ly bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­si­ne     ab­raý bi­len höt­de gel­ýän oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri önüm­le­ri eks­port et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne hem eýe bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. 

Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaraly çäreler, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guralýar.

Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar işe girizilip, mähriban Diýarymyz agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny girizmek, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärendeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu gün­ki gün oba ho­ja­lyk­çy te­le­ke­çi­le­ri­miz ba­zar­la­ry­myzy mal eti, guş eti, ba­lyk we ba­lyk önüm­le­ri, ýu­murt­ga, süýt we süýt önüm­le­ri, şöh­lat, konditer, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri, agyz su­wy hem-de miwe şi­re­le­ri, ösüm­lik ýa­gy, gök-bak­ja önüm­le­ri, bug­daý, pag­ta, azyk­lyk dä­ne­le­ri, mi­we­ler, gap­la­nan önüm­ler, ary ba­ly, na­har du­zy bi­len do­ly üp­jün ed­ýär­ler. Netijede, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uludan toýlanylmagy bolsa, oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň çeken zähmetine döwlet derejesinde ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Aýna Saryýewa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi  toparyň edarasynyň  arhiwçisi.