CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ ŞUGLASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän täsirli orny barha berkeýär. Ata Watanymyzyň her bir ýyly uly üstünliklere, ösüşlere, belent sepgitlere beslenip, şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerlik kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir giň möçberli milli maksatnamalary hem-de durmuş özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl-de, eýsem, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mazmuny boýunça oňyn, gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, görnüşi boýunça hemişelik bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen derejedir. Bu jogapkärli derejä eýe bolmak bilen, ýurdumyz bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär. Bu gün dünýä bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik, konstitusion özgertmeler biziň döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk binýadynyň mizemezliginiň aýdyň şaýady bolup, asuda asmanyň astynda halkymyza ruhy güýç berýär.

Döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasydyr. Konstitusiýa eziz Watanymyzyň Esasy Kanuny bolmak bilen, halkymyzyň erk-islegini hem bähbitlerini beýän edýän, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň iň wajyp başlangyçlaryny özünde jemleýän resminamadyr. Konstitusion-hukuk kadalary döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işini alyp barmak üçin esas goýujy binýatlaýyn häsiýete eýedir.

Konstitusiýada döwletiň ähli içerki işleri we olary guramagyň hem-de amala aşyrmagyň esasy düzgünleri jemlenýär. Şonuň bilen birlikde, Konstitusiýada halkara hukuk ulgamy, ýagny, daşary syýasy wezipeler hem kesgitlenen. Bu wezipeler bilen döwletiň içerki wezipeleri aýrylmaz baglanyşyklydyr, olar halkara giňişliginde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň jemine degişlidir. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolup,  hemişelik Bitaraplygyň ýörelgeleri çykyş edýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň daşary syýasatda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Esasy Kanunymyzyň 2-nji we 9-njy maddalarynda döwletimiziň kanun esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi we daşary syýasatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine pugta eýerýändigi beýan edilýär. Bu kadalar halkymyzyň parahatçylyk, agzybirlik we syýasy durnuklylyk şertlerinde bagtyýar ýaşamak baradaky erk-isleginden gözbaş alýar. Şeýle hem, «Türkmenisyanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň konstitusion kanunynda onuň esasy ýörelgeleri beýan edilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara hukuk esaslary bolsa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Türkmenisyanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda kesgitlenendir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygy uly dabaralara beslenýär.

Geçen taryhy döwür hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň saýlanyp alynmagynyň dogrudygyny hem-de derwaýysdygyny görkezdi. Bu ugur türkmen halkynyň milli bähbitlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin wezipelere, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi.

Goý, ýurdumyzyň abraýyny halkara derejesinde belende göterýän hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halkymyzyň, umumy adamzadyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy Halkara Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

 

Annadursun Meskutowa,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.