CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÄZE ÝYL AK ARZUWLARYŇ WE ULY ÜSTÜNLIKLERIŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutan-lygynda toýlary goşa-goşadan gelýän eziz Diýarymyzyň  her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýär. Şolaryň biri hem merdana halkymyzyň kalbyny joşdurýan Täze ýyl baýramydyr. Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, şeýlebir şadyýan baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr.

Özygtyýarly döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysyna «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyly ugradyp, biz geçen wakalary ýatlaýarys, olaryň ähmiýetine baha berýäris hem-de geljek üçin meýilnamalary kesgitleýäris. 2023-nji ýylyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy, Garaşsyz türkmen döwletiniň senenamasyna ýurdumyzyň halkara abraýynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna, halkyň ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän wakalary ýazdy. Taryhy wakalara beslenen, gündogar senenamasynyň towşan ýyly ýaşlarymyz üçin hem üstünlikli seneleriň biri boldy.

Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, agzybir türkmen jemgyýetiniň bu işjeň gatlagynyň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda hem «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almaga, döretmäge, zähmet çekmäge, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda geçirilýän her bir jemgyýetçilik-syýasy çärelerine-de ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilik hem döredilýär. Munuň şeýledigine, şu ýylyň 26-njy martynda we 23-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, milli synçylaryň, wekilçilikli edaralara hödürlenen dalaşgärleriň we saýlanylanlaryň arasynda ýaş nesliň wekilleriniň bardygy hem şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň ygtybarly kepili bolan ýaşlaryň bu gün syýasy çärelere has işjeň gatnaşmaklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň, häzirki hem-de geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň halkymyz we dünýä jemgyýetçilgi tarapyndan ykrar edilýändigini uly buýsanç bilen aýtmak gerek.

Üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, taýsyz tagallalary, jöwher paýhasy bilen dörän ajaýyp Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, oňa ýaşlaryň şäheri diýilmegi, täze eýýamyň täsin we akylly şäherinde ýaşlaryň ýaşamagy, işlemegi, ylym-bilim almagy üçin döwrebap ýokary şertleriň döredilmegi olary uly ruhubelentlige beslän ýylyň iň bir möhüm wakasy bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçsek ýerlikli bolar.

Şeýle-de, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçmegi, şol sapakda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada söhbet etmegi hem ýylyň iň bir şatlykly we taryhy wakasyna öwrüldi. 

Ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolan – şu ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda-da türkmen türgenlerimiziň üstünlikli, şowly çykyş edip, ýaryşyň jemleýji netijeleri boýunça jemi 15 medal gazanmaklary, hakykatdanam, bu ýylyň ruhubelentlige beslenendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi boldular.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň   tagallalary esasynda, şatlykly Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda – 27-nji dekabrda ýaşlaryň halkara maslahat we sergisi guramaçylykly geçirildi. Oňa ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşan ýaşlarymyz gatnaşdy. Şeýle hem bu möhüm çärä myhman hökmünde çagyrylan goňşy we alysdaky birnäçe döwletleriň, halkara guramalaryň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Halkara küşt federasiýasynyň wekilleriniň hem gatnaşmagy, ýaşlaryň ruhuny belende göterdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Ýaş nesiller — jemgyýetiň geljegi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip buýsanç belleýär.

Guramaçylykly geçirilen maslahatyň dowamynda şu ýylda aýratyn tapawutlanan ýaşlara Döwlet sylaglary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle-de, Täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyz, şol sanda ýaşlarymyz üçin uly baýramçylyk sowgady bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitaby  çapdan çykdy. Bellenişi ýaly,bu täze kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Munuň şeýledigine, şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlarda geçirilen taryhy ähmiýetli maslahatlara gatnaşmaklary hem şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýur­du­myzy dö­re­di­ji­li­giň we üstün­lik­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýar. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň  ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, gel­je­ge yna­my­ny has-da ber­kid­ýär. Diýarymyzyň sebitlerinde müň­ler­çe bagtyýar maşga­lalar öz mukaddes ojaklarynda täze ýylyň öňüsyrasynda jaý toý­la­ry­ny toý­la­dylar.

Ata Watanymyzda gazanylan uly üstünlikler türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde amala aşyryldy.

Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Täze ýylda biziň parahat ýurdumyz we mukaddes maşgala ojaklarymyz ajaýyp baýramçylyk lybasyna beslenýär.

Gündogar müçenamasynda her bir ýylyň jandar atlary bilen tapawutlandyrylýandygyna, ýyllaryň biri-birine meňzemeýän aýratynlygyna garamazdan, Täze ýyl baýramy biziň ählimize şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri bilen gurşap alýar. Uly-kiçi parhy ýok, hemme adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygy, il agzybirligi bilen ýagşy niýetleri arzuw etmegi, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy Täze ýyl baýramynyň ähmiýetini tapawutlandyrýar.

Halk arasynda «Täze ýyl maşgala baýramçylygy», «Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem şeýle bolýar», «Köne ýyldan täze ýyla geçilýän gije arzuwlaryň hasyl bolýan gijesi» diýen aýtgylar bu baýramçylygyň özboluşlydygyny häsiýetlendirýär.

Şeýlelikde, türkmenistanlylar, şol sanda ýaşlarymyz 2023-nji ýyly uly ösüşlere besläp, Täze ýyl baýramyna ajaýyp üstünlikler we ruhubelentlik bilen barýarlar.

Ak arzuwlara beslenip geljek 2024-nji — Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl edip, bereketli topragymyz bol hasylly, agzybir halkymyzyň beýik işleri şöhratly, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy bagtyýar zamanada ýaşatmakda tutumly we döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.