CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK IŞLERI ÝAÝBAŇLANÝAR

Nusgawy ösüşleri bilen owazasy yklymlar aşan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary agzybirlikde saýlawlara barýar. «Agzybire — Taňry biýr!» diýen atalar sözüne eýerýän hemem öz milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň öňde boljak bu saýlawlara kämil syýasy işjeňlik ýagdaýynda barýandygyny şu günler welaýatlardyr etraplarda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri aýdyň subut edýär.   

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlaryna ýurdumyzyň çar künjünde görülýän taýýarlykdyr geçirilýän guramaçylyk işleri barada Merkezi saýlaw toparynyň welaýatlarymyzdaky ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýat boýunça iş ýöredijileriniň käbirleriniň pikirlerini size ýetirmegi müwesse bildik.

 

Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň
Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi:

–– Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda alnyp barylýar.

Bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarpyndan saýlaw möwsümi yglan edilen güninden başlap, meýilnama laýyklykda, Ahal welaýatynda hem ulgamlaýyn işler geçirilýär.

Welaýatymyzda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek boýunça mejlisler we ýygnaklar işjeň ýagdaýda geçirildi. Şeýle-de, welaýatymyzyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglary döredilýär. Ahal welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa, saýlaw okruglarynyň 40-sy döredildi.

Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň   saýlawlary boýunça hem    saýlaw okruglary  döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi.

Welaýatymyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýratyn nygtamalydyrys.

 

Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň
Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi:

— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Lidermiziň ýolbaşçylygynda  bu iş täze many-mazmuna, has kämil  häsiýete eýe boldy. Çünki, saýlawlar milli demokratiýanyň aýdyň alamatydyr, onuň berk binýat sütünleriniň biridir. 

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak saýlawlara taýýarlyk işleri Balkan welaýatynda hem  giňden ýaýbaňlandyrylýar. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan ýygnaklar we mejlisler geçirilip, öňümizdäki geçiriljek saýlawlarda hereket etjek okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine wekillerini hödürlediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okrugynyň 10-sy döredildi. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 40-sy, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa jemi 260 saýlaw okrugy döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi. Bu maglumatlar metbugat sahypalary arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk has-da gowulanmagynyň, geljeginiň röwşen bolmagynyň, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrylýan ägirt uly tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalaryna aýratyn orun degişlidir.  

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna il arasynda uly abraýdan peýdalanýan, öz işiniň ussady saýylýan ezber hem-de mynasyp adamlar saýlanylmalydyr. Bu saýlawlar dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk, açyklyk başlangyçlaryna eýermek ýörelgelerini özünde jemleýär.  

 

Döwlet Ataýew,
Lebap welaýat saýlaw toparynyň başlygy:

– Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2018-nji ýylyň  25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklik bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine degişli üýtgetmeler girizildi. Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň  saýlaw möwsümini yglan eden güninden başlap, bu saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Lebap welaýat saýlaw topary tarapyndan hem taýýarlyk işler giň gerim bilen alnyp barylýar.

Lebap welaýatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 28, welaýat halk maslahaty boýunça 40, etrap, şäher halk maslahaty boýunça 220, geňeşler boýunça hem  1426  saýlaw okrugy döredildi.  

Syýasy partiýalar,  jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan ýygnaklar geçirilip, öňümizde geçiriljek saýlawlarda hereket etjek okrug saýlaw toparlaryna wekiller hödürlenildi.  

 

Otuz Hojamedow,
Daşoguz welaýat saýlaw toparynyň başlygy:

– Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarpyndan saýlaw möwsüminiň yglan edilen güninden başlap, bu möhüm syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Daşoguz welaýat saýlaw topary hem guramaçylyk işlerini üstünlikli ýaýbaňlandyrýar.

Syýasy partiýalar jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan ýygnaklar we mejlisler geçirilip, bu saýlawlarda hereket etjek okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller hödürlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 27 saýlaw okrugy döredildi. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 40 saýlaw okrugy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa jemi 220 saýlaw okrugy döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi. Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça geňeşlik saýlaw toparlarynyň 142-si döredildi.

Häzirki wagtda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny döretmek we olaryň araçäklerini kesgitlemek işleri dowam edýär.