CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

HALKYMYZYŇ WATANÇYLYK RUHY

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz asudalykda, agzybirlikde eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Watanymyzyň parahatçylygynyň bolsa gymmatly baýlykdygyny şükranalyk we buýsanç bilen bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem ata Watan, Watanyň ygtybarly goragy mukaddeslik hökmünde ör-boýuna galyp, adamlaryň ruhuny belende göterýär.

Häzirki döwürde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp kitaplary harby ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Eserleriniň birinde bolsa Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäde iň ygtybarly we zerur baýlyk parahatçylyk bolup durýar» diýip belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary hem il-günümiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi.  

Elbetde, ähli döwürlerde ata Watany, il-halkyny söýüp, bu mukaddeslikleri döş gerip goran gerçekleri aýratyn sarpalapdyrlar.

Beýik danalaryň, ata-babalarymyzyň bize galdyran miraslaryna ser salsak, il-ýurduňa, topragyňa, tebigata bolan söýgüniň, hormatyň kökleri türkmen taryhymyzyň jümmüşine uzalyp gidýär.Taryhy şahslaryň-Oguz hanyň, Görogly begiň, Çagry begiň, Togrul begiň we  taryhda yz goýan beýleki serkerdeleriň görkezen edermenlikleri biziň her birimiz üçin, ýaş nesil üçin  mertligiň mekdebidir.

Halkyň gahrymançylykly eseri bolan «Görogly» şadessanynda   Jygaly beg:

Ýalňyz balam, algyn pendim,

Ýurduňy terk ediji bolma! - diýip,  pent edýär. Watanyňy söýmegiň, ony goramagyň her bir türkmen gerçeginiň parzydygyny ündäp, borjuňy duýmalydygy baradaky düşünjäni aňyna guýýar.

Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary bilen başlanan täze ýylymyzyň ilkinji şanly senelerimiziň biri hem Watan goragçylarymyzyň hünär baýramçylygydyr.

Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň bosagasynda harby gullukçylar üçin aýdym-sazly dabaralar guralýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. 

Gözel Diýarymyzda şatlyk-şowhun bilen we ruhubelentlikde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, olara harby we ýörite atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. 

Watana söýgüsi, onuň goragy ugrunda yhlasly zähmeti göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan merdana ýigitlerimiziň dogumly gadamlaryny synlanyňda, söýgä, mähre ýugrulan, uçganaklap duran gözlerini göreniňde, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ýaly belent borjuň ýüreklere çaýýan nuruny aç-açan duýmak bolýar. Dabara gatnaşyjylaryň: «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin» diýen wepalylyk kasamy olaryň her biriniň kalbynyň çuňlugyndan gaýdýar hem-de Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy bolup ýaňlanýar.

Giňden meşhur bolan «Gorkut ata» şadessanynyň ähli gahrymanlary söweşde mertlik görkezip, at alýarlar. «Döwletýardan» başlap, Dessanlarymyzyň hem aglabasy türkmen edermenliginden söz açýar. Batyrlyk, mertlik, edermenlik, watanparazlyk Baýram han, Şabende, Andalyp, Zelili, Seýdi ýaly şahyrlarymyzyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinde bolsa Watana söýgi ýörite bir nusgalyk mekdepdir.

Şeýle hünär bar – Watany goramak. Watan - bu sözüň örän giň we çuň manysy bar! Bu – ene toprak, derýalar, daglar, jülgeler, doglan öýüň, eje, kaka, dogan...! Ýigitleriň her biri öz Watanynyň goragçysy! Çünki olar çagyryş boýunça harby gullugy geçip, harby tälim alýarlar. Olar diňe bir öz ojagynyň eýesi bolman, eýsem ýurduň geljegidir!

Elbetde bu günki gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän döwrebap harby özgertmeleriň çäklerinde täze serhet birikmeleri, harby bölümler, serhet galalary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär.

Şol döwrebap desgalarda sport bilen meşgullanmak,  medeniýetli dynç almak, gulluk etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler, şertler döredilen. Esgerler dürli ugurlar boýunça hünärmenler bolup, döwrebap harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, ata Watanymyzyň goragyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Güneşli ülkämizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan goragçylarynyň güni aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki, watançylyk ruhy Magtymguly atamyzyň dürdäne eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Şeýle-de, bu ýylda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby hem  ýol görkeziji şamçyrag bolup, türkmen ýaşlarynyň Watançylyk ruhuny belende göterer.

 Halkymyzy, hormatly Prezidentimizi we Milli Liderimizi ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.