CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MUKADDES WATAN – RUHY GÜÝÇ

Ady äleme dolan asuda, parahat Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly saýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni uly toý-dabaralar hem-de ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk çäreleri agzybir halkymyzyň watançylyk buýsanjyny has-da belende göterdi.

Biziň ýüreklerimiziň töründe ömürlik orun tutan Watan sözi bolsa her bir türkmen raýaty üçin iň mukaddes düşünjedir, ol biziň üçin ezizdir, mähremdir we gözümiziň göreji deý gymmatlydyr. Ýurdumyzyň islendik künjeginde bolan wagtymyzda şu topragyň ylahy we nurana mährini duýýarsyň, bu bolsa biziň kalbymyza egsilmez ruhy güýç berýär. Öz önüp-ösen Diýaryň ornuny başga hiç bir ýurt tutup bilmez, sebäbi seniň göbek ganyň şu toprakda damdy, şeýdibem, biziň ýüregimiz, süňňümiz ata Watanymyzda hemişelik örklendi. Ata Watan, ene toprak bolsa biziň ömrümiziň bezegidir, many-mazmunydyr.

Güneşli ülkämiziň Hydyr gezen sähralarynyň tebigy gözelligi, gudratly daglarynyň ajaýyp täsinligi, derman suwly derýalary, şypaly Hazar deňzi, halkymyzyň milli mirasy, şeýle hem döwlet tugramyz we baýdagymyz biziň Watanymyzyň, köňül köşgümiziň ruhy sütünleridir.

Dogrusy, Watan gymmaty iş saparlary bilen daşary ýurtlarda bolýan halatyňda has-da aýratyn duýulýar. Çünki, biz eýýäm çaga wagtymyzdan bäri mähirli ene hüwdüsi bilen şu ene topraga müdimilik örklenendiris.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri hem daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän saýlawlara, sala salşyklara, saýlawlar bilen bagly dürli çärelere gatnaşýarlar.

Elbetde, äleme meşhur Beýik şahyrymyz Magtymguly atamyzyň «Bady-sabany görsem» atly goşgusynda hem arzuw edişi ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde bolmak, halkara tejribelerini öwrenmek-de täsin we täsirli pursatlar.

Ýöne, daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýan mahalyň köp wagt geçmänkä öz mukaddes Watanyňy we maşgala ojagyňy küýseýärsiň, seni şeýlekin gudratly, mähirli, ylahy güýç özüne mähir bilen çekýär. Hatda, al-asmanda howa gämisinde uçup gelýärkäň hem, öz Watanyň serhedine girendigiňi bilip, ýüregiň aram tapýar, uçar gonup, öz topragyňa aýak basanyňda bolsa, on iki süňňüň rahatlanýar. Şol pursatlarda «Eziz Türkmenistan ata Watanym» diýen buýsançly jümleler hakydaňa dolup, öz Watanyň gadyr-gymmatyna bolan täsin söýgiň aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Meniň nesibäm çekip, 2017-nji ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine guralan zyýarata gatnaşdym. Şol  goşa mukaddeslige guralan zyýaratyň çäklerinde Eýranly doganlarymyz, şol sanda Eýranly türkmenler bilen didarlaşdyk. Şonda Eýranly türkmenleriň biz bilen duşuşanlaryndaky şatlykly bakyşlarynda, görejine gözüň düşen pursatynda olaryň öz ata Watanyna bolan söýgüsi, küýsegi baradaky umman ýaly uly bir eseri okamak bolýardy. Diýmek, öz ata Watanyň gymmatynyň we mukaddesliginiň, mähribanlygynyň ornuny hiç bir zat tutup bilmeýän bolmaly. Bu barada «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýen halk pähimi hem bar.

Asla, watansöýüjilik beýik Biribaryň kelamydyr we biziň merdana ata-babalarymyzdan miras galan ylahy ruhy güýçdür, Watany goramak bolsa her birimiz üçin parzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geçirilýän harby okuw türgenleşiklerindäki biziň Görogly deý gaýratly harbylarymyzyň çeýe we çalasyn hereketlerini göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly dürdäne eserleriniň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň biziň ýurdumyzyň, şol sanda Watan goragçylarynyň durmuşynda öz many-mazmunyna eýe bolýandygy baradaky buýsançly duýgular ruhuňy has-da belende göterýär.

Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, göreldeli döwlet işgäri Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýollary hem bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli jöwher zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby hem ata-babalarymyzdan miras galan watansöýüjilik ruhumyzyň dowamaty bolup, ýagty ýol görkeziji şamçyrag deýin türkmen halkyny, şol sanda ýaşlarymyzy watansöýüjilige, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bolsa, şu ýylyň şygarynyň waspnamasyna öwrülip, il-günümiziň Watana, Magtymguly Pyraga bolan söýgüsini has-da belende göterýär.

Ynha! «Ser bereris, ýöne ýer bermeris!» diýýän Oguz ilinde ruhubelentlikde bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň güni mukaddes Watanymyzyň ruhy güýçdüginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, Magtymguly Pyragynyň öz döwründe eden arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Şu buýsançly pursatlarda, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Amangeldi GANDYMOW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.