CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ WATANÇYLYK-TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Demokratik döwletimiziň halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, edebi mirasymyzy öwrenmek, ony nesil terbiýesinde peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmen halkynyň adyny belende galdyran şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary sanardan köp. Şolaryň biri-de, sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan, dünýäniň medeni mirasynyň hazynasynda orun alan Magtymguly Pyragydyr.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr. Şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi, tebigat ýaly temalar öz beýanyny tapýar. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär.   

Watançy şahyrymyz:

Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez.

– diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgiňe wepaly bolmalydygyny öwredýär. Nusgawy şahyryň döredijiligi ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýär. Dana şahyryň akyl baradaky şu dürdäne setirleri hem öwüt-ündewdir:

Akyl gerekdir başda,
Zen-de, goja hem ýaş-da,
Tapawudy bar aşda,
Gymmaty başga duzuň.

Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, görnükli akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelendigini yzygiderli nygtaýar.

Söz ussadynyň umman ýaly, giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly arzuwlary jemlenendir. Akyldar şahyrymyzyň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, adamzat ruhunyň sagdynlygyny üpjün edýän esasy sütünleriň biridir.

Şahyryň edebi mekdebi özünden soňky döwürde hem giň gerim aldy. Onuň goşgulary Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine hem şamçyrag bolup nur çaýdy.

«Ozal akan ýerden akarmyş aryk...» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän ahlak kadalaryny ýaş nesle öwretmek, bilim-sowat, edep-terbiýe bermek ýaly asylly ýörelge arkama-arka dowam edip gelýär. Çünki, ýurdumyzyň geljegi bolan watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli ýaşlar döwletiň pajarlap ösmeginde hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy şertleriň biridir. Bagtyýar geljegiň bilimiň kämilligine baglydygyny, ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagynda wajyp orun tutýandygyny Magtymguly atamyzyň: «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýen pähim-parasatly goşgy setirlerinden aýdyň görmek bolýar.

Ýa-da, şahyryň okan, bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan şu setirleri bar:

«Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!»

Şahyr şeýle diýmek bilen, mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen, okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny beýan edýär.

Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ruhy päkligiň, ahlaklylygyň, mertligiň, watansöýüjiligiň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär. Onuň iline bagyş eden altyn setirleri häzirki ýaşlary hem-de geljekki nesli watançylyk ruhunda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly adamlar edip ýetişdirmekde nusga alarlyk mekdepdir.

Magtymguly atamyzyň eserleriniň gadyr-gymmaty çäksizdir. Onuň döredijiligi häzirki zaman ýaşlarymyzy hem-de geljekki nesillerimizi terbiýelemekde juda ähmiýetlidir. Bütin manyly ömrüni, çuňňur mazmunly döredijiligini eziz Watanyna, mähriban halkyna bagyşlan, umumadamzat ähmiýetli pikirleri öňe süren beýik akyldaryň mertebesi dünýä halklarynyň arasynda hem örän belentdir.

Akyldar şahyrymyz Watandan aýrylmagyň agyr dertdigini, il-günüň görer gözüňdigini şeýle beýan edýär:

Gel, köňlüm, men saňa öwüt bereýin,
Yrak kylma görer gözüň — iliňni.

Ýa-da:

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da, il ýagşy.

Ynsana gan bilen geçýän häsiýetleriň biri bolan watanperwerligi dabaralandyrýan setirler biygtyýar «Müsürde şa bolandan Kenganda geda bol» diýen nakyly we onuň özeninde duran kyssany ýadyňa salýar.

Ýa-da

Ulug iller dagar, çaşar,
mert ärden hany bolmasa.

– diýmek bilen, ýurt bitewüligini, halkyň agzybirligini saklamakda ilini söýýän baştutanyň bolmagyny isläpdir. Türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýär.

Indi, Magtymgulynyň, türkmen halkynyň arzuwlan zamanasy hasyl boldy, türkmen halkynyň ykbaly göterildi. Häzirki wagtda biziň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýandygymyzy häli-şindi dile getirmegimiz öz gözbaşyny şu setirlerden alýar:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň!

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy hem ýüreklerimize nur çaýýan we ylahy zehinli şahyrymyzyň derejesini belende göterýän gymmatly eserdir.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ilkinji eseri bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby hem halkymyz üçin ýagty ýol görkeziji şamçyrag bolup, türkmen ýaşlarynyň watançylyk ruhuny belende götermekde iňňän uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde, 2024-nji ýylda, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi giňden belleniler. Bu belleniljek uly toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Türkmen halkynyň mertebesini belende götermekde we edebiýatyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

 

Geok Abaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň kömekçisi.