CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy. Türkmenistanyň diplomatiýasy ýurduň daşary syýasatyny amala aşyryp, milli bähbitlerini goraýar, döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýär hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň arasynda «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen filosofiki manyly pähim bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen diplomatlaryna dünýäniň dürli ýurtlarynda ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmek, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek, şol bir wagtda öz bolýan ýurtlary bilen Türkmenistan döwletimiziň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Özüniň aýdyň maksatlaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirlendir. Şol syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar. Hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyna itergi berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara  gatnaşyklaryň çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň kanunynda: «Diplomatik gulluk – bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi  boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi,  halkara gatnaşyklaryň çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi  hem-de olaryň goralmagy  bilen baglanyşykly görnüşi» diýip bellenilýär.

Dün­ýä­niň dür­li döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýokary derejä çykarmak, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda halkara birleşikler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Bu gün ýurdumyz köp sanly halkara guramalarda mynasyp wekilçiligi alyp barýar, dünýäniň köp sanly döwletinde ilçihanalarymyz, konsullyklarymyz we wekilhanalarymyz açyldy we olar öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alyp, häzirki wagtda Türkmenistan bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 150-den gowrak döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 50-ä golaý iri halkara guramasyna agza bolmak bilen, 100-den gowrak ýurt bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guralyna öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, dialog – parahatçylygyň kepili. Bu filosofiýa indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň logiki dowamyna öwrüldi. Bir döwlet ýa-da döwletleriň birnäçesi jemlenip, bolup geçýän özgerişleri özleri üçin bähbitli akyma ugrukdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa bolsa diplomatiýada «dialog» diýilýär. Ýeri gelende aýtsak, Dialogyň parahatçylygy üpjün etmegiň, urşuň we gapma-garşylygyň öňüni almagyň iň gowy usuly bolup durýandygy hemmämize mälim. Şoňa görä-de, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda dialogyň filosofiýasyny öňe sürmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi, şeýle hem 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn» – diýlip  belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýärler.

Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriňiz rowaç bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda  Saýlawlary  we  sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.