CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

DÜNÝÄNIŇ DURKY, ZEMINIŇ BERKI — ZENANLAR

Kalbyňy heýjana getirýän ajaýyp bahar paslynyň gözelligine, reňbe-reň gülleriň burk urýan müň dürli müşk ysyna,  şadyýanlygyna, joşgunyna beslenip gelýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda 8-nji martda uly ruhubelentlikde, toý-dabaralar bilen giňden bellenilýär. Asla, bu baýram dünýä ýüzünde bellenilýär. Elbetde, bu täsin baýram diňe gelin-gyzlarymyzy däl, eýsem tutuş halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar.

Zenanlar parahatçylygyň we abadançylygyň ileri tutulýan döwründe erkekler bilen deň hatarda durýarlar. Bu ýörelge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda öz dowamyny tapýar. Halkara zenanlar güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlara laýyklykda, täze many-mazmuna eýe bolup, döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk mynasybetli, gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde aýdym-sazly dabaralar, döredijilik bäsleşikleri, sergiler, şowhunly medeni-sport çäreleri geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulýar.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalany, çagalygy we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy we ol dowamly ösdürilýär. Gelin-gyzlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, dürli pudaklarda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli zähmet çekýärler. Biziň döwletimizde zenanlaryň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri zenanlary uly hormatlap, olary öýlerimiziň tuwagy hasaplap gelipdirler. Olar hemişe we hemme işde merdanalygyň, gaýratlylygyň, edermenligiň belent nusgasyny görkezipdirler.

Ak gyňaçly enelerimiziň, öýme ýaglykly gelinlerimiziň, gül tahýaly gyzlarymyzyň süýji arzuwlary siňen we nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýän hüwdileri, monjukatdylarydyr läleleri, gaýtalanmajak kämillige, milli öwüşgine eýelenen nepis halydyr keşdeleri biziň hümmeti egsilmejek milli hazynamyzdyr. Ene keramaty, ene söýgüsi barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym ─ mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky rowaýatlar, parasatly pikirler hakyda dolýar. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Munuň şeýledigine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem gyz-gelinleri wasp edilýändigini görmek bolýar.

Gyzyl diýsem -gyzyl sen, al diýsem -al sen,
Hindistanda-şeker, Bulgarda-bal sen
Yşk bilen açylan bir täze gül sen
Ýusup-Züleýhanyň taýy,gözel sen!

Dünýä edebiýatynyň beýik akyldar şahyrlarynyň hem-de türkmen halkynyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde hem aýal-gyzlaryň ajaýyp häsiýetleri döredijilik belentliklerine ruhlandyryp, halkymyzyň ene ýüregi olaryň aýratyn mähre ýugrulan hüwdüleri barada döreden hem-de dilden dile geçip gelýän rowaýatlary türkmenlerde enäni mukaddeslik hökmünde sarpalamak ýörelgelerini kemala getiripdir.

Olaryň yhlasly zähmeti, egsilmez zehini bilen dörän we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary hasaplanýan türkmen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagy we olar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara pul sowgatlary gowşurylýar. Şele hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar hem-de köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen hem üpjün edilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny äşgär edýär.

Halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Merdan Halbaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.