CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÄZE TARYHY EÝÝAMDA GEÇIRILEN PREZIDENT SAÝLAWLARYNYŇ IKI ÝYLLYGYNA

Dana ata-babalarymyzyň «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýen pähim-parasatly jümleleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary munuň şeýledigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Şol gün ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsleşik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä saýlawlara gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.

Asudalykda, agzybirlikde we guramaçylykly geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärede halkymyzyň şol saýlawlarda döredilen jemi 2618 sany saýlaw uçastoklarynda oýlanyşykly, dogry we mynasyp dalaşgäre ses bermekleri bilen, halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Şol geçirilen saýlawlardan bäri, halkyň saýlan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mukaddes ata Watanymyzda amala aşyrylan il-ýurt bähbitli uly işlere ser salanyňda, «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýlen nakylyň örän dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle-de, halkyň pikiriniň, erk-isleginiň we gelen netijesiniň örän jaýdardygyna, ýerliklidigine, uly ähmiýete eýedigine buýsanýarsyň.     

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary bolsa, ýokarda aýdylanlaryň aýdyň ykrarnamasyna öwrülip, biziň ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň täze many-mazmun bilen dabaralanýandygyny, şeýle hem döwletimiziň syýasy taýdan durnuklydygyny görkezýär.

Ata-babalarymyzyň «Aý dogsa, älem görer» diýişleri ýaly, bu syýasy wakanyň aýanlyk şertleri giň gerimde üpjün edildi. Saýlawlaryň ähli tapgyrynyň açyklyk we demokratik esasda geçirilişine ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgär tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi 2726-sy syn etdiler. Şeýle-de saýlawlar giň bäsleşik esasynda geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça 9 dalaşgär bäsleşdi.

Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy, saýlaw kanunçylygy, Merkezi saýlaw toparynyň kararlary barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi.

Halkara Guramalaryndan we daşary ýurt döwletlerinden gelen jemi 75 sany halkara synçylar saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etdiler hem-de Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini, saýlawlaryň kanunalaýyklykda, demokratik kadalar esasynda geçirilendigini aýtdylar we saýlawlara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny aýratyn belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda jemi 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17 % gatnaşyk boldy.

Watanymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan syýasy çärä saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ýagdaýda ses bermäge gatnaşmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik häsiýetleriniň ýene-de bir ýola bütin dünýä dabaralanmasy boldy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny tassyklady hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň dolulygyna goldaýandygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyndaky çuňňur manyly çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigi täze taryhy eýýamyň altyn syýa bilen sünnälenen sahypasynda aýdyň görünýär. Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris! «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan ruhlanýan merdana halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, şöhratly geçmişe we bagtyýar döwre buýsanç, röwşen geljege ynam bilen ýeneki ýeňişleri nazarlaýar.

Saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar bilen birlikde syn etmäge gatnaşan abraýly halkara guramalaryndan gelen synçylar toparlarynyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de kanunalaýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar.

Şu nukdaýnazardan, syýasy-medeni mirasymyzyň esasynda kämilleşýän türkmen demokratiýasy dünýäniň ösen ýurtlarynda hereket edýän saýlawly demokratiýanyň gymmatlyklaryny özleşdirmäge we milli saýlaw kanunçylygymyza laýyklykda ösdürmäge özüniň ukyplydygyny açyk görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň  23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda «Şu ýyl Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden daşary ýurtly myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Esasy zat, saýlawlaryň geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir. Men mähriban halkymyza maňa ynam bildirendigi we goldandygy üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin» diýip aýtmagy, halkymyzyň ruhuny has-da belende göteren taryhy we buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan jemgyýetçilik-syýasy wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri iki ýyl geçdi.

Geçmişe akyl ýetirip, geljegiň ýoluny saýlamagy öwredýän taryh jemgyýetiň ykbalyna täsir eden wakalaryň bolup geçen ýyllaryny, ykbal özgerdiji wakalardan hem hasaba alýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar biziň jemgyýetçilik durmuşymyzda ykbal kesgitleýji çäre bolup, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda halkymyzyň özüne mynasyp Baştutan saýlap bilendigini uly buýsanç bilen aýdyp geçmek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmeginiň munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny uly şatlyk, ruhubelentlik bilen bellemek isleýäris.

Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde, hormatly Prezidentimizi ýurduň Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýüregimizden gutlaýarys!

Şu şatlykly pursatlarda, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.