CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

AJAÝYP ESERIŇ ŞUGLASY

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzy dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan mekana öwürdi. Taryh üçin örän gysga döwürde asyrlara barabar ösüş-özgerişler amala aşyryldy. Ýetilen abraýly sepgitler bolsa ýeneki ösüşleriň badalgasydyr. Peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu beýik we röwşen ýörelgäni ynam bilen dowam etdirýär. Gazanylanlary berkitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek üçin bolsa, has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmeli. Munuň üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň birleşen tagallalary zerurdyr. Şeýle il-ýurt bähbitli işde ýaşlar uly güýç bolup durýarlar. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir. Çünki, ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türkmen halkyna sowgat berilmegi aňrysyna ýetip bolmajak gymmatlyk boldy. Bu ajaýyp kitapda «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Çünki adamzat jemgyýetiň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýilmegi türkmen ýaşlarynyň şahsyýet hökümünde kämilleşmegi üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli, zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy kitapda giňişleýin beýan edilýär.Taryhy maglumatlara ser salsak, onda dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Baý many-mazmunly bu kitabyň diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýär, kitapda görkezilen ugurlar usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanmadyr. Aslynda-ha, kitaphon türkmen halky kitaba mukaddeslik hökmünde hormat goýýar. Çünki, kitap bakylyk bilen baglanyşykly bolup, ençeme asyrlar geçse-de  ýaşaýşyny, ömrüni dowam edýär. Kitap asyrlar bilen asyrlary, nesiller bilen nesilleri, halklar bilen halklary birleşdirýän, dostlaşdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Käbir kitaplary okap, ikinjisine geçilýär. Käbir kitaplar bolsa bütin ömrüňe ýörelge edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eseri hem bütin ömrüňe ýörelge edinilýän kitaplaryň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» atly bölüminde, «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan ýaşlara uly ynam bildirilýänligini belleýär. Çünki, ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegi bolup, olar öňde goýulýan örän jogapkärli wezipeleriň ýerine ýetirilmegine agzybirlik bilen gatnaşmalydyrlar. Olar şeýle-de ýurduň geljeginiň, halkymyzyň ykbalynyň eýeleri bolmaga taýýar bolmalydyrlar. Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu ajaýyp eserinde: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, ýaşlary beýik işlere çagyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýen sözlerinden ylham alýan türkmen ýaşlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigine häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň gymmatly eseriniň ellerimize gowuşmagy mynasybetli geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynyň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň gerim bilen geçirilmegi bu ajaýyp ýylymyza özboluşly öwüşgin berýär.  Häzirki döwrüň hakykatyna esaslanýan bu kitap nesilleriň watançylyk terbiýesi jähetden-de möhüm ähmiýete eýedir. Çünki, ýaşlara bildirilýän ynam röwşen geljegimize bildirilýän beýik ynamdyr. Ol ynam bolsa her bir ýaş ynsany Watanyň ykbal ýüküni egnine almaga taýýar bolmaga borçly edýär. Mälim bolşy ýaly, eýýäm daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleriniň hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny öz dillerine terjime edýändikleri has hem buýsandyrýar. Olar bu ajaýyp eseri öz ýurtlarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemek işlerinde peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli jöwher zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan dürdäne eserleriniň dowamaty bolup, ýagty ýol görkeziji şamçyrag deýin, türkmen halkyny, şol sanda ýaşlarymyzy watansöýüjilige, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Elbetde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda durmuşa geçirilen giň möçberli syýasy, taryhy ähmiýete eýe bolan işler häzirki wagtda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyk arzuw edýäris!

Goçmyrat Hojaýew,
Türkmenistanda  saýlawlary  we  sala salşyklary  geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Daşoguz welaýaty boýunça  iş  ýöredijisi.