Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Türkmenistan Watanymyz sözüň doly manysynda, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolup, dünýä şugla saçýar. Ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp däp-dessurlar, urp-adatlar, ýörelgeler dowam etdirilip gelinýär.
Biziň kalby sahawatly halkymyz musulman äleminiň göwher aýy Remezany her ýyl baýramçylyk ruhy bilen garşy alýar. Şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi, ýagşylygy rowaçlandyrýan bu aýyň musulman äleminiň päkize asmanynda dogmagy bilen halkymyzda adaty bolmadyk ruhy galkynma emele gelmegi-de hut şonuň üçindir. Her ýyl bolşy ýaly, mukaddes Remezan aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza özüniň kerem-keramaty bilen gelýär. Gadyr gijesi adamlar birek – birege bolan gatnaşyklarynda hemişekilerinden-de has mylakatly bolmaga ýykgyn edýärler.
Gadyr gijesini halkymyz uly ruhubelentlikde garşylap, desterhanlar dürli tagamlardan doldurylýar. Goňşy-golama hödür edilýär. Çünki, Gadyr gijesinde edilen doga-dilegler beýik Biribaryň dergähinde kabul bolup, edilen ýagşylyklar, ynsanperwer işler müň aýyň sogabyna barabar bolýar diýen düşünjä eýerilýär.
Türkmen halkynda Gadyr gijesine uly hormat goýulýar. Ynsanlaryň beden we ruhy taýdan tämizlenýän keremli Oraza aýynda bellenilýän Gadyr gijesi rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi saýylýar. «Gadyr gijesine» her bir maşgala diýen ýaly ýörite taýýarlyk görýär. Dürli-dümen milli tagamlar bişirilip, desterhanlar naz-nygmatlardan doldurylýar. Goňşy-golama, dogan-garyndaşa içi nygmatly okara, hatda sowgat-serpaý iberýänlerem bar. Ikibir, üçbir ýagşy gatnaşykdaky maşgalalaryň bir saçagyň başyna jemlenip, bu «Müň aýdan haýyrly bolan gijäni» bilelikde, agzybir geçirýänleri hem bar. Gadyr gijesiniň berekedi ýagşy doga-dileglerde jemlenýär. Ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygy, mähriban Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň agzybirligi we saglygy beýik Biribardan dileg edilýär.
Ýaşulularyň aýtmagyna görä, şol gün gadyr tagamy bilen agzyňy açmagyň sogaby uludyr. Bu keramatly gijäniň ýene-de bir lezzetli we täsirli däpleriniň biri Hydyr ata garaşmakdyr. Türkmeniň kalbyna öz haýyr-sahawaty, kerem-keramaty, jomart-sahylygy bilen ornaşan Hydyr ata gabat geleniňde, näme dileseň-de, Hak dergähinde kabul bolarmyş. Onuň başam barmagynyň hem süňki bolmazmyş. Türkmen ýaşulularynyň, erkek kişileriniň biri-biri bilen diýseň gadyrly, elleşip salamlaşmagynyň sebäbi hem şoňa görämiş. Hydyr ata gapyňdan iň ýakyn dostuň, goňşyň, myhmanyň hökmünde gelip hem bilýärmiş diýen ynanja görä, kalby ýagşy niýetli ilimizde bu gijede diňe gowy söhbetler kylnyp, myhmansöýerlik dessurlary aňrybaş derejä ýetýär.
Ýurdumyzda amal edilýän ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýaly işleriň netijesinde günä geçmek ýaly beýik işler berjaý edilip, Gadyr gijesi – sahawat gijesine öwrülýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda, biziň ýurdumyzda Gadyr gijesi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Asylly däbe görä, beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda, ýagny 29-njy martda, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Elbetde, toba gelip, eden etmişine ökünýän adamlaryň bendilikden boşadylmagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakyndaky aladanyň netijesidir we rehimdarlygyň, belent adamkärçiligiň güwäsidir.
Şeýlelikde, ahlak gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, ynanç-adatlarymyza goýulýan hormat, şeýle hem türkmen halkynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk ýaly duýgulary bu gije ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak ýaly dessurlar ynsany diňe beden sagdynlygy taýdan taplaman, eýsem onuň ruhy hal-ýagdaýyny kämil derejelere ýetiripdir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň abadançylygy ugrunda alyp barýan halk bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Gadyr gijesinde edilýän ybadatlaryň, doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň, berlen sadakalaryň gudraty güýçli Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýäris!
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.