CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

«KÜÝÜM KÄMILDEDIR, GÖZÜM MERTDEDIR»

Ruhubelentlik sili tolkun atýan kämil jemgyýetde  ýaşaýan, rysgal-döwleti  zyýada türkmen raýatlary pasly-baharyň ilkinji aýynda – martda geçiriljek saýlawlara örän ynamly barýarlar. Olar şu günlerden  başlap, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlarynda öz köňül isleglerini Magtymguly Pyragynyň «Küýüm kämildedir, gözüm mertdedir» diýen pähim-parasadyna laýyklykda beýan etmäge agzybirlik bilen taýýarlyk görýärler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2017-nji ýylyň 2-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä  taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanylandan soň, ýurdumyzyň çar künjünde raýatlarymyzyň, şeýle hem guramaçylaryň syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy.

Obadyr kentlerimizde ýaşaýan ildeşlerimiz özara maslahatlarynda-da, ikewülikdäki mesawy gürrüňdeşliklerinde hem mynasyp işleri bilen il içinde özüniň ukyp-başarnygyny mälim edip bilýän raýatlarymyzyň, saýlawlarda ýeňiş gazanmaklarynyň tarapdarydyklaryny beýan edýärler. Halk paýhasynyň şeýle derejede jem pikire gelmegi bolsa, jemgyýetimiziň kämil derejelere ýetendiginiň alamatydyr. Entek, saýlawlara taýýarlyk görülýän döwürde, il içinde köňli hümmetli ynsanlaryň öňe çykmaklaryna aýratyn üns berýän halkymyzyň akyl-paýhas gämisiniň milli Liderimiziň saýlawlara bildirýän talaplar ummanynda ýüzmegi bolsa, jemgyýetimizde emele gelen we höküm sürýän ajaýyp sazlaşykdan nyşandyr.

Milli Liderimiziň we kalplary nury-imanly ýaşulularymyzyň nesihatlaryna gyşarnyksyz eýerýän halkymyz elmydama işjanly, merdana ogullary goldamagy halaýar. «Altyna pos ýokmaz» diýen dana pähime uýýan açyk göwünli milletimiz, ynamdar, messep-ygrarly, häsiýeti gyzyl ýaly ogul-gyzlara uly sarpa goýýar. Çünki, geçmişde şeýle ogul-gyzlar gymmatyny ýitirmeýän mähek daşyna çalymdaş ynsanlar saýylypdyr.

Ösüşleriň häzirki tapgyrynda biziň jemgyýetimize gahryman Arkadagymyzyň görkezen halal hem ygtybarly ýoly bilen  öňe hereket etmäge ukyply, belent işleri amala aşyrmaga höwesek ynsanlar örän köp gerek! Hut şol sebäpli-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlarynyň guramaçylarynyň kämilleriň, mertleriň dalaşgärlige hödürlenilip, iň mynasyplarynyň bolsa saýlanylmagyny gazanmak baş maksady bolup durýar.

Merkezi saýlaw topary.