CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAW TOPARLARYNYŇ ULGAMY

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan işleriň, tutumlaryň aňyrsynda halkymyzyň bolelin, abadan, bagtyýar, eşretli ýaşaýşynyň miweleri bar. Şol ajaýyp miweleriň biri hem raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarydyr. Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň ulgamyny giňişleýin öwrenmek, olar barada saýlaw hukukly raýatlaryň arasynda, saýlaw toparlarynyň arasynda düşündirişler geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, şonuň netijesinde-de, saýlaw ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Saýlawlaryň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi hem bu wajyp işleriň biridir. Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny berkitmegiň binýadyny emele getirýär.

Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.

Saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak işleriniň çäklerinde, ýurdumyzda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli we döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini, ýagny oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigini aýratyn belläp geçmek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek babatynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär hem-de ýurdumyzda saýlawlaryň has-da guramaçylykly, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegine ýardam berýär.

Saýlawlar – munuň özi ses bermek arkaly dalaşgärleriň haýsy-da bolsa biriniň saýlanylmagyna gönükdirilen çäredir. Saýlawlar raýatlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny aňladýan düşünjedir. Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýan saýlaw toparlary – saýlaw toparlarynyň ulgamyny emele getirýär. Bu toparlar saýlawlary geçirmek üçin döredilýär. Biziň ýurdumyzda saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi şu aşakdaky saýlaw toparlary guraýarlar:

1) Merkezi saýlaw topary;
2) welaýatlaryň saýlaw toparlary;
3) etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlary;
4) okrug saýlaw toparlary;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
6) uçastok saýlaw toparlary.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, Welaýat  saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat saýlaw topary tarapyndan 11–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär.  Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary tarapyndan 7–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner.

Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça:

Merkezi saýlaw topary;
welaýat saýlaw toparlary;
etrap, şäher saýlaw toparlary;
uçastok saýlaw toparlary.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça:

Merkezi saýlaw topary;
welaýat saýlaw toparlary;
etrap, şäher saýlaw toparlary;
okrug saýlaw toparlary;
uçastok saýlaw toparlary.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça:

Merkezi saýlaw topary;
welaýat saýlaw toparlary;
etrap, şäher saýlaw toparlary;
uçastok saýlaw toparlary.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça:

Merkezi saýlaw topary;
welaýat saýlaw toparlary;
etrap, şäher saýlaw toparlary;
etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
uçastok saýlaw toparlary hereket edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, aýanlykda we demokratik ýörelgeler, bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli, ynsanperwer başlangyçlaryny parasatlylyk bilen dowam etdirýän, şeýle-de saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny erkinlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.