CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MUKADDES WATANYŇ BAKY GAHRYMANLARY

Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreler, aýdym-sazly dabaralar ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrüler.

Halklaryň agzybirligi, dost-doganlygy bilen 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişden bäri 79 ýyl geçdi. Ondan bäri ençeme baharlar çalşyp, täze nesiller kemala gelse-de, Beýik Ýeňşiň şöhraty öçmeýär. Jeň meýdanlarynda bir gysym toprak bolup galan juwan esgerlerem, ýeňiş baýdagyny dikip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen gerçeklerem nesilleriň hakydasynda baky ýaşaýar. Agyr, kynçylykly döwrüňem, hupbatly urşuňam halkyň ýeňşe bolan ynamyny syndyryp bilmändigini, şol beýik ynam bilen hem şöhratly Ýeňşiň gazanylandygyny uly buýsanç bilen aýtmak gerek.

Bütin adamzadyň taryhynda ýowuz jeňleriň biri bolan bu uruşda türkmen halky hem özüniň watansöýüjilik, edermenlik, mertlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ýeňşiň gazanylmagyna öz gahrymançylykly goşandyny goşdy. Şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, watansöýüjilik, Watany döş gerip goramak ýaly häsiýetleriň halkymyza hemişe hemra bolandygyna uly ruhubelentlik bilen göz ýetirmek bolýar. Arslanýürek türkmen ýigitleri ýalynly söweş meýdanlarynda özleriniň merdana ata-babalarynyň mynasyp nesilleridiklerini subut etseler, urşuň yzynda galanlar zähmetiň edermenlikli nusgasyny görkezdiler. Batyr türkmen gerçeklerimiziň görkezen edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolmaklary, türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrmaklary, garrydyr ýaş-ýeleňleriň, aýal-gyzlaryň bugdaýly, pagtaly meýdanlarda hasyly yrýa etmän ýygnamak ugrunda gije-gündiz çeken argynsyz zähmeti munuň subutnamalarydyr.

Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaýar. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusgalyk terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen, belentde howalanýan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda — «Milletiň ogullary» ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, «Baky şöhrat» ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, «Ruhy tagzym» ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlara uly hormat goýup we tagzym edip hatyralaýarys.

Her ýyl 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar, ýaz güllerinden boglan ajaýyp baýramçylyk çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şeýle hem ýurdumyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär. Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň ruhy buýsanjymyzdyr.

Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, ýaşuly neslimiz barada edýän aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli berýän goldawlary üçin watandaşlarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözleri çäksizdir.

Hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri hem gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. «Watan» diýip urşa gitdi pederim, ýürek onuň didaryna suwsaýar» diýen ýaşajyk Mälikguly kakasy Berdimuhamet Annaýewiň jeň meýdanlarynda söweşýän döwründe maşgala ýüküni çekmek bilen, ruhubelentligiň nusgasyny görkezýär. Şol hupbatly döwürde ol «Biz ýeňeris!» «Uruş bolmasyn!», «Ýeňiş biziňki bolar!», «Köp ekeliň dänäni» ýaly goşgulary düzýär, obadaşlaryna okap berýär. Onuň urşa ýigrenç döredýän, watansöýüjilige, ruhubelentlige çagyrýan goşgulary oba adamlarynyň uruş zerarly ynjan göwünlerine seýik bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna laýyklykda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, Garaşsyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, parahatçylygy söýüji Bitarap döwlet hökmünde dünýäde abraýynyň has-da artmagy üçin ähli zerur işler geçirilýär. Durmuş syýasaty döwletimiziň esasy ugry bolup, her bir adamyň parahat, eşretli hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, asuda, parahat ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy maýynda bellenilip geçiljek baýramçylyk çäreleri biziň watansöýüji, edermen, mert we gahryman halkdygymyzyň bütin dünýä dabaralanmasy bolar.

Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, uly tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.