CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MÖHLETINDEN ÖŇ ÇYKYP GIDEN DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAW OKRUGLARYNDA GEÇIRILJEK SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda saýlawlar geçiriler. Bu saýlawlara taýýarlyk işleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar we degişli saýlaw toparlary tarapyndan şu günler giň gerim bilen dowam edýär. Biz hem bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan taýýarlyk dogrusynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

– Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bu saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi yglan edildi. Söhbetdeşligimizi şu günler Merkezi saýlaw toparynda we degişli saýlaw toparlarynda saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde alnyp barylýan işler barada başlaýalyň.

– Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmek saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran karary bilen, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden başlanýandygy yglan edildi.

Elbetde, saýlaw möwsümi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar, şol möhüm tapgyrlaryň biri hem dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleridir.

Häzirki wagtda iýul aýynda boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary, Aşgabat şäher saýlaw topary we degişli okrug saýlaw toparlary tarapyndan saýlaw okruglarynyň çäkleri kesgitlenip, «Türkmenistan»  we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edilip, şeýle-de Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Maksatmyrat, ýaňy söhbetdeşligimiziň dowamynda saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biriniň dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak işleridigini bellediňiz. Bu işiň tertibi we talaplary barada gürrüň beräýseňiz!

– Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri 2024-nji ýylyň 8-nji maýy we 6-njy iýuny aralygynda, olary bellige almak bolsa, 2024-nji ýylyň 18-nji maýyndan – 11-nji iýuny aralygynda geçiriler.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, Aşgabat şäher, etrap guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda) hödürleýärler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda,  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär. Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.

Ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga, olary oňlamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgärlige hödürlemek üçin ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukuklydyr. Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagy degişli saýlaw okrugyna Mejlisiň deputatlygyna diňe bir dalaşgär hödürläp biler.

Pursatdan peýdalanyp, saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, türkmen halkyny erkinlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly gahryman Serdarymyzy geljekde hem saýlawlary Türkmenistanyň kanunlaryna, halkara kadalaryna, gadymy döwürlerden bäri gelýän milli demokratik saýlaw ýörelgelerimize laýyklykda geçirmek üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işlejekdigimizi ynandyrýaryn.

– Maksatmyrat, 7-nji iýulda boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre bilen baglanyşykly saýlaw möwsüminde edilmeli işler dogrusynda eden mazmunly söhbetdeşligiňiz üçin size hoşallygymyzy bildirýäris.

 

Söhbetdeş bolan Hekimberdi Öwezow.