Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň asylly, beýik başlangyçlarynyň dowamatyny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ähli ugurlar bilen birlikde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga hem uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine hem içgin üns berilýär. Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar. Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlar demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.
Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ony milli ýörelgelere esaslanyp, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly ençeme işler alnyp barylýar. Saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak işleriniň çäklerinde, ýurdumyzda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli we döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini, ýagny oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň yzygiderli girizilýändigini bellesek ýerlikli bolar.
Bilşimiz ýaly, ozal Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary aýry-aýry möhletlerde geçirilýärdi. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär diýip bellenildi.
Şeýlelik-de, Türkmenistanyň saýlaw Kodeksiniň 4-nji maddasyna goşulan goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda ilkinji gezek 2018-nji ýylda bahar paslynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bir senede geçirildi. Bu waka kanuny we amaly nukdaýnazardan seredenimizde uly ähmiýete eýedir. Ilki bilen, ýeke-täk ses berişlik güni saýlaw möwsümini tertipleşdirmäge gönükdirilendir. Bu, raýatlaryň ses bermek hukugynyň döwlet kepillikleriniň hiliniň ýokarlanýandygyny, saýlawlary guramak we geçirmek bilen baglanyşykly dürli çykdajylaryň azalýandygyny, ýurtdaky aýry-aýry möhletlerde geçirilýän saýlawlaryň jemlenip bir günde geçirilýändigini görkezýär. Şeýle-de, ýeke-täk ses berişlik gününiň garaşylýan oňyn täsiri saýlawlaryň hilini ýokarlandyrmakdyr.
Saýlawlaryň milli demokratiýanyň dabaralanmasydygyny äşgär eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2018-nji we 2023-nji ýyllaryň baharynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary uly ruhubelentlige beslendi. Bahar aýynda tebigata jan girip, Zeminiň täzelenişi ýaly, jemgyýetimiz hem täze bir öwüşgine eýe bolýar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki taryhy döwürde türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň arasynda ajaýyp sazlaşyk, mäkäm jebislik höküm sürýär. Jemgyýeti paýhas bilen dolandyrmak, raýatlaryň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň bähbitlerini hemmetaraplaýyn göz öňünde tutmak ýaly adyl ýörelgeler ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlarda-da ähli özboluşlylygy, milliligi bilen aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär.
Adyl jemgyýetimiziň hem-de hukuk-dünýewi döwletimiziň eşretli geljeginiň hatyrasyna 2018-nji we 2023-nji ýyllaryň baharynda geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlarda halkymyz öz saýlan dalaşgärlerine ses berdiler. Saýlawlar üstünlikli geçirilip, döwlet dolandyryş ulgamynyň mynasyp wekilleri halk tarapyndan saýlandy. Mynasyplary saýlamak üçin dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda duşuşyklar, maksatnamalaryň tanyşdyrylyş çäreleri yzygiderli geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň terjimehallary metbugat neşirlerinde çap edilip halka ýetirildi. Bu bolsa saýlawlar gününde mynasyp dalaşgäre ses bermäge şert döredýär.
Saýlawlara maşgala bolup gelmegiň, gatnaşmagyň aýratyn bir ýakymly täsiri bar. Ýaşuly nesil öz hereketleri bilen neberelerimize görelde bolýarlar. Körpelerimiz turuwbaşdan döwlet ähmiýetli çäreleriň ruhuny duýup, öwrenip başlaýar. Bu olaryň syýasy düşünjeliligini oýarmaga oňyn täsir edýär. Eziz Watanymyza bolan beýik söýgini, Milli Liderimize bolan belent buýsanjy has-da berkidýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiz—Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Diýarymyzda şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň däpleriniň amala aşyrylandygynyň, sogaply işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurt baştutanlarymyzyň tutumly işleri rowaç bolsun!
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.