CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

BAHAR SAÝLAWLARYŇYZ HAÝYRLY BOLSUN, WATANDAŞLAR!

Türkmen  tebigatyny joşa getirip, ony läle-reýhana büräp, beýik ýaşaýşa ynamdyr ylham paýlap, ynsan  balasynyň nepesini, tutuş durkuny durlap, kükreýip gelýän ajaýyp bahar paslynda geçiriljek saýlawlar tutuş türkmen  jemgyýetiniň içki sazlaşygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň, kämilliginiň, işjeňliginiň täze derejelere  göterilmegini üpjün  edip biljek giň mümkinçilikleriň  binýatlyk esaslaryny döreder. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, şol bir wagtyň  özünde-de osen  dünýäniň  umumy ykrar edilen talaplaryna laýyklykda geçiriljek bu saýlawlaryň haýyrly boljakdygyna tüýs  ýürekden ynanýarys.

Häzirki  wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 saýlaw okrugy döredildi.   Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240, etrap şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1200, şeýle hem Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça 5900 saýlaw okrugy döredildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça  saýlaw uçastoklarynyň 2602-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda hem 39-sy döredildi.

 Gysga  döwrüň  içinde şeýle  giň möçberli guramaçylyk işleriniň  ýaýbaňlandyrylmagy Türkmenistan  döwletimizde saýlaw  ulgamynyň işiniň ösen  dünýäniň talaplaryna laýyk ýola goýlandygyndan, halkara ölçeglerine doly  kybap gelýändiginden  habar  berýär.

Il içinde uly abraýa eýe kişileri saýlamak pähimine gulak asmagy özüne mertebe saýýan türkmen raýatlary şu günler mynasyp dalaşgärleri hödürlemegi  işjeň dowam  etdirýärler.

Türkmen akyldary Mahmyt Zamahşary «Ýagşyzadalaryň bahary» atly eserinde «Ýagşy niýet edilmeli işiň deň ýarysydyr» diýip ýazypdyr. Syýasy  köpdürliligiň  mäkäm  kök  uran mekany  bolan jebis türkmen  jemgyýetinde elmydama  bolşy  ýaly, il-günümiz saýlawlara  barýarka-da, kalbyny ýagşy niýet-pällerden dolduryp, hoş işleri nazarlaýar!

Şeýle  ýagdaýda: “Bahar saýlawlaryňyz haýyrly bolsun, watandaşlar!” diýäýmek galýar!

 

MERKEZI SAÝLAW TOPARY.